Sepleriň elýeterliligi

Moskwadaky türkmen ilçihanasy brifing geçirdi


12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Orsyet Federasiýasyndaky ilçihanasy Moskwada akkreditasiýa edilen diplomatik missiýalaryň wekilleri hem köpçülikleýin habar serişdeleriniň işgärleri üçin brifing beripdir.

Türkmenistanyň Orsyetdäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halnazar Agahanow Berdimuhammedowyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasyna gatnaşyşy hem türkmen ýolbaşçylarynyň daşary syýasatda ileri tutýan ugurlary hem inisiatiwalary barasynda diplomatlara we jurnalistlere gürrüň beripdir.

“Brifingiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň arasynda pikir alşyk geçirildi” -diýip, “Türkmenistan. Ru” internet saýty ýazýar.
XS
SM
MD
LG