Sepleriň elýeterliligi

Lawrow bilen Klinton duşuşyk geçirdi


Şu gün Orsyetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň Moskwada geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri, möhüm halkara problemalary, hususan-da strategik hüjüm ediş ýaraglaryny azaltmak boýunça täze şertnamany taýýarlamak ýaly meseleler maslahatlaşylypdyr.

Orsyetiň DIM -ri Sergeý Lawrow şeýle diýipdir:

“ Ýaraglaryň ýaýradylmazlygyna, Eýranyň we Koreýa ýarymadasynyň ýadro programmasy, mundan beýläkki ädimlerimiz meselelerine aýratyn üns berdik. Koreýanyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň geljegi hem 1-nji oktýabarda Ženewada Eýran bilen gelnen ylalaşygy ýerine ýetirmek ýaly meseleleri maslahatlaşdyk”.

Gepleşiklerden soň metbugat konferensiýada çykyş edip , ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton şeýle diýipdir:

“ Biz Orsyet bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze howplara bilelikde baha bermäge, informasiýa alyşmak boýunça täze merkez döretmäge örän gyzyklanýarys. Bu barasynda biziň prezidentlerimiz iýul aýynda ylalaşdylar. Bularyň hemmesi raketadan goranyşy sistemasyny umumy işimiziň bähbidine öwrüp biler” –diýip, Hillari Klinton aýdypdyr.

Ol şeýle-de Gürjüstandaky ýagdaýa Waşngton bilen Moskwanyň garaýyşlarynyň dürlüdigini, Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ABŞ-nyň ykrar etmekçi däldigini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG