Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Natenýahu: Palestinliler Ysraýyl döwletini ykrar etmeli


Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Natenýahu Ýakyn gündogarda gutarnykly ýaraşyk ylalaşygyny baglaşmagyň esasy şerti hökmünde palestinlileriň Ysraýyl döwletini ykrar etmelidigini öňe sürüpdir.

“Men Ysraýyl ýewreý döwleti ykrar edilmese, parahatçylyk gazanyp bolmaz diýip, palestin awtonomiýasynyň ýolbaşçylaryny öz halkyna aýtmaga çagyrýaryn” diýip, düýn ysraýyl parlamentinde çykyş edip aýdypdyr.

Ondanam başga Natenýahu BMG-nyň ýakynda çap eden dokladyny ýiti tankyt edipdir. Şol dokumentde geçen ýyl Gaza sektorynda harby operasiýa geçirende Ysraýylyň garşysyna harby jenaýatlarda günä bildirilýärdi.
XS
SM
MD
LG