Sepleriň elýeterliligi

Mehdi Kerrubiniň garşysyna jenaýat işi gozgaldy


Eýranyň prezidentligine eks-kadidat Mehdi Kerrubiniň garşysyna jenaýat işi gozgalypdyr.

Oppozisiýanyň gurnan protest aksiýalaryna gatnaşyjylardan tussag edilenleriň käbiriniň türmede zorlanandygy baradaky onuň beýannamasyny häkimiýetler töhmet atlandyrypdyrlar.

12-nji sentýabrda geçirilen saýlawlarda Kerrubi 4-nji orny eýeläpdi. Uly tapawut bilen saýlawlarda prezident Ahmedinejat ýeňiji bolupdy.

Oppozisiýa ses berişliginiň netijeleriniň köpçülikleýin galplaşdyrylandygyny aýdyp, köp adamly protest aksiýalaryny gurnapdy.
XS
SM
MD
LG