Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan aýyplamalary çürt-kesik inkär edýär


Orsyetiň ýörite gulluklarynyň “Al-Kaýyda” hem kawkaz söweşijileri bilen hyzmatdaşlykda aýyplamasyny Gürjüstan çürt-kesik inkär edipdir.

Orsyetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň direktory Aleksandr Bortnikow şu gün: “Gürjüstanyň ýörite gulluklary ekstremistler bilen gatnaşyk saklap, Çeçenistana we Dagystana söweşijileri, ýarag hem ok-däri aşyrmaga kömek berýär”-diýipdir.

Gürji parlamentiniň başlygynyň orunbasary Paata Dawitiýa Bortnikowyň beýanammasyny hiç bir esasy bolmadyk atlandyryp, “Gürjüstanyň territoriýasynda söweşiler hem terroristler ýok” diýipdir.
XS
SM
MD
LG