Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň 75 regionynda saýlaw geçirildi


11-nji oktýabrda Orsýetiň 75 federal regionynda ýerli häkimiýetlere saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlarda ýerli häkimiýetlere degişli bolan dürli derejedäki 7 müň wezipä dalaş edildi.

Saýlawlaryň netijesinde bu wezipeleriň hemmesini diýen ýaly Kremli goldaýan “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň wekilleri eýelediler.

Şeýle-de bu partiýanyň wekilleri Moskwanyň şäher häkimlik geňeşiniň üçden iki bölegine eýe boldular. Oppozisiýanyň aktiwistleri bu saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini öňe sürýärler.

Orsýetde geçen saýlawlardan soň, olaryň deslapky netijeleri baradaky maglumatlar ýaňy yglan edilip başlananda, Orsýeti dolandyrýän “Bütewi Rossiýa” partiýasynyň ýolbaşçylary saýlawlarda doly ýeňiş gazanandyklaryny yglan etdiler.

Orsýetiň Dumasynyň spikeri, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň Ýokary geňeşiniň ýolbaşçysy Boris Gryzlow “deslapky maglumatlara we saýlawlarda geçirilen pikir soralyşyklara” esaslanyp, öz partiýasynyň Orsýetiň territoriýasynda geçirilen hemme saýlawlarda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

“Moskwanyň şäher Dumasyndaky orynlaryň in bolmanda üçden iki bölegi “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasyna degişli bolar” diýip, jenap Gryzlow belledi.

11-nji oktýabrda Orsýetiň 75 federal regionynda ýerli häkimiýetlere saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlarda ýerli häkimiýetleriň dürli derejelerindäki 7 müň wezipä dalaş edildi. 3 regionda, ýagny Moskwada, Tula welaýatynda hem Mary-El respublikasynda ýerli geňeşlere saýlawlar geçirildi.

Galplyklara ýol berlendigi aýdylýar

“Ýabloko” we Kommunistik partiýa ýaly Orsýetiň oppozision partiýalar bu saýlawlarda bir adamyň birnäçe gezek ses bermegi ýaly galplyklara ýol berlendigini aýdýarlar.

Kommunistik partiýanyň resmisi hem-de Dumanyň spikeriniň orunbasary Iwan Melnikow žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda saýlawlarda bolan galplyklar barada gürrüň berdi we ellerindäki maglumatlar bilen suda ýüzlenip, bu işi ahyryna çenli ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.

Köp halatlarda bu saýlawlaryň öňüsyrasy islenilmeýan dalaşgärleriň kandidaturalary hasaba alynman, saýlaw bäsleşigi gaty çäklendirildi. Moskwaly syýasy analitik Mark Urnowyň pikiriçe, şol hereketler saýlawlaryň täsirsiz geçmegine getiripdir: “Bu ýerde geň galara zat ýok. Sebäbi, birinjiden, administratiw apparat doly güýjünde “Ýedinaýa Rossiýanyň” bähbidine işledi. Möhüm kandidatlaryň hiç biri bu saýlawlara goýberilmedi”.

Bu saýlawlara gatnaşan adamlaryň sanynyň pes bolmagy häkimiýetleriň islän tarapyna ugrukdyrylýan saýlawlardan ilatyň halys ýadandygyna şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Moskwada saýlawlara gatnaşmaga hukugy bolan ilatyň diňe 30%-niň ses bermäge barandygy anyklanyldy.

Ýöne bu saýlawlarda käbir garaşylmadyk ýagdaýlar hem bolup geçdi.

Astrahan şäheriniň häkimi wezipesine bu şäheriň häzirki häkimi “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň agzasy Sergeý Boženow bilen “Tolko Rossiýa” partiýasyndan Oleg Şeýin dagy dalaş etdiler.

Saýlawlaryň öň ýany “Ýedinaýa Rossiýa” Şaýina saýlawlara gatnaşmaz ýaly iki gezek çäre görmäge synanyşdy. Netijede Oleg Şaýin özüni goramak üçin ýurduň prezidenti Dmitriý Medwedewe hem-de onuň maslahatçysy Wladislaw Surkowa açyk hat bilen ýüzlendi. Şondan soň Şaýin saýlawlara gatnaşdy.

Ilatda gyzyklanma döredi

Saýlawlaryň öňüsyrasynda ýüze çykan bu wakalara ilatda gyzyklanma döredi. Astrahan şäheriniň häkimi wezipesine geçirilen saýlawlara gatnaşan adamlaryň sany ýurt boýunça iň ýokary sanlaryň biri bolup, olara saýlawlara gatnaşmaga hakly adamlaryň 45% ses bermäge barypdyr.

Sesler sanalyp gutarmanka bolsa, “Ýedinaýa Rossiýa” ynjalykdan galyp, saýlawlarda 443 kanun bozulmalaryň hasaba alnandygyny yglan etdi. Ýöne netijede Sergeý Boženow sesleriň 65% bilen ýeňiş gazandy. Oleg Şaýina bolsa, sesleriň diňe 26%-ni gazanmak başardypdyr.

Karaçaý-Çerkez Demirgazyk Kawkaz respublikasynyň Karaçaýewsk şäheriniň häkimi wezipesine garaşsyz dalaşgär Sultan Sultanow sesleriň 51%-i bilen bu şäheriň häkimi, “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy tarapyndan goldanylan Umar Uzdewden üstün çykdy.

Syýasy analitik Mark Urnowyň pikiriçe, şu gezekki saýlawlar ýönekeý halk bilen häkimieýetleriň arasynda ägirt uly tapawudyň bardygyny görkezipdir.

“Men bu saýlawlara atawistik, hiç bir zada täsir etmeýan çäre hökmünde garaýaryn. Häkimiýetler öz syýasatyny ýoredýärler. Häkimiýetler kimi geçirmeli, kime ýol bermeli däldigini özleri çözýärler. Bu häkimiýetleriň öz işleri, raýatlar bolsa öz güzerany bilen bolsun diýilýär” diýip, syýasy analitik Mark Urnow 11-nji oktýabrda Orsýetde geçirilen saýlawlar barada öz pikirini beýan etdi.
XS
SM
MD
LG