Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýangyç pudagyna nägilelik bildirildi


Körpejedäki gaz kompressor stansiýasy.
Körpejedäki gaz kompressor stansiýasy.

12-njy oktýabrda geçirilen hökümetiň göçme maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşdy.

Gün tertibinde milli ykdysadyýetiň strategik sektoryny ösdürmegiň, ýagny ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleri goýuldy diýip, Türkmen telewideniýesi habar berdi.

Prezident öz çykyşynda nebit-gaz eksportyndan gazanylan girdejiler esasynda halkyň durmuşynyň ösdürilýändigini nygtap, bu pudakda bar bolan kemçiliklere degip geçdi hem-de «Türkmen nebit-gaz gurluşyk konserninde» ýol berilýän kemçiliklerden nägileligini beýan etdi.

Ýolbaşçylar wezipesinden boşadyldy

Prezidentiň sözlerine görä, şol pudakda öňe sürlen planlar geçen ýyl ýerine ýetirilmändir, şu ýylam ýerine ýetirilmän gelinýär. Ilatly gaz bilen üpjün etmekde, ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda göz öňünde tutulan planyň diňe 25-30% çemesiniň ýerine ýetirilendigini Berdimuhamedow nygtady. Şol sebäpden prezident “Nebitgaz konserniniň” başlygy Durdyýewi wezipesinden boşatdy.

Soňra prezident Türkmen döwlet nebit konsrniniň işiniň-de öwerlikli däldigini, nebitiň çykarylyşynyň garaşylýan netijeleri bermänligini, tersine, onuň möçberiniň peselýändigini mälim etdi.

Prezident ylaýta-da deň şertlerde Türkmenistanda işleýän käbir daşary ýurt kompaniýalarynyň bu ugurda çalt hereket edýändigini-de sözüne goşdy. Prezidentiň permany bilen konserniň başlygy Hajymyradow hem wezipesinden boşadyldy.

Nebit-gaz pudagyna ummasyz pul serişde goýberilse-de, ondan garaşylýan netijäniň alynmaýanlygyndan prezident nägileligini beýan etdi.

Berdimuhamedow ýyllyk öndürilýän nebitiň 100 million tonna, gazyň bolsa 250 miliard kubmetre çenli ýetirilmelidigini nygtady. Yglan edilen bu maksada näçe ýylda ýetilmelidigi hakda-da anyk bir zat aýdylmandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda ýylda takmynan 10 million tonna nebit bilen 80 milliard kubmeter gaz öndürilýär diýlip çak edilýär.

Ýangyç zapaslary

Düýbi Azerbeýjanyň paýtagty Bakudaky Syýasy Innowasiýa we Tehnologiýalar merkeziniň başlygy Mubarez Ahmedoglynyň aýtmagyna görä, Türkmenisatanyň ýangyç zapaslarynyň möçberi hakynda hemişe şübheler bar. “Bu barada ABŞ-da hem-de Ýewropada şübheler bar, statistiki maglumatlary gizläp saklamak bilen Türkmenistan bu şübheleriň artmagyna sebäp bolýar” diýip, azeri eksperti aýdýar.

Grozin bu mesle-de öz garaýşyny şeýle beýan etdi: “Türkmenistanyň gaz ätiýaçlyklary baradaky maglumatlar, meniň pikirimçe, bir tarapdan, syýasy bähbitleri göz öňünde tutulýandygyny görkezýär. Ikinjiden bolsa, Türkmenistanyň bu pudagyna kontrollyk edýän bilimli adamlar häzir islendik tankyda-da degmeýärler. Sebäbi Prezidentiň “biziň hazynamyz” diýip, gazyň ätiýaçlyklary barada öňe sürýän pikiri ýurdy häzirki ýagdaýyna, biziň görýän gözgyny ýagdaýymyza getirdi. Bu bolsa göz öňünde tutulýan sanlara şübhe döredýär”.

“Soňky döwürde gazyň satylyşynyň peselmegi netijesinde G.Berdimuhamedow nebitiň çykarylmagyny hem satylmagyny artdyrmak bilen onuň öwezini doldurmak isleýär» diýip, Ahmedogly aýdýar.

Ýöne Türkmen parlamentiniň ozalky deputy, oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünowyň pikiriçe, prezident Berdimuhamedowyň öňe sürýän dürli planlaryna we proýektlerine pul çydar ýaly däl, şoňa görä, ol nebitiň we gazyň gazylyp alynmak möçberini artdyrmagy maksat edinýär.

Kadrlara zerurlyk

Kadrlar meselesine gelnende, mälim bolşy ýaly, Saparmyrat Nyýazowyň döwründe nebit-gaz pudagynda bar bolan spesialistleriň bir topary ýa-ha işden çetleşdirildi ýa-da ýurdy terk etmäge mejbur boldular.

Prezident G.Berdimuhamedow bu pudakda bar bolan kemçiliklerden nägile bolup, çäräni kadr çalşygynda görýär. Azeri ekspertiniň pikiriçe, Türkmenistan nebit-gaz pudagyna gerek bolan spesialistleri ýa türkmen studentlerini daşary ýurtlara ibermek bilen ýetişdirip biler ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň ekspertlerinden peýdalanmaly bolar, haýsy-da bolanda, bu Türkmenistana arzan düşmez diýýär. Ol şeýle-de ýurduň daşynda ýören türkmen spesialistleriniň yzyna çagyrylmagynyň peýdaly boljagyny-da sözüne goşýär.

«Baryp 90-njy ýyllardan bäri ýurtda kadr ýetmezçiligi duýlup gelýär, bar bolan spesialistler ýa işden çetleşdirildiler ýa-da olar ýurdy terk etmäge mejbur boldular» diýip, Halmyrat Söýünow aýdýar.

Daşary ýurtlardan getiriljek spesialistleriň öz döwletleriniň ýa-da özleriniň şahsy bähbitlerini göz öňünde tutjagyny aýdýanlar-da bar. «Diňe konistitusiýa işlän ýagdaýynda kadr çalşygy peýdaly bolar, bir adamynyň aýdanyna “hawa” diýmek bilen kadrlar çalşygy peýdaly bolmaz» diýip, Halmyrat Söýünow nygtaýar.

Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna giryän ýurtlar boýunça institutyň eksperti Andreý Groziniň pikiriçe, «Türkmenistanda bilim derejesi peselip barýar. Gynansak-da, bu ýagdaý ýyldan-ýyla şeýle bolup gelýär. Bu babatda täze hökümet-de awtoritar usula daýanyp gelýär. Şol sanda bilim pudagynda hem bu usul dowam edensoň, kadrlar çalşygy hiç bir täze netije bermez».

Nebitden we gazdan girýän girdeji düýpli senagatyň binýadynyň tutulmagyna sarp edilen ýagdaýynda ol ýurt üçinem, onuň ilaty üçinem bähbitli bolar diýip, Türkmenistan boýunça bilermenler aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG