Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillari Klinton Moskwa sapar edýär


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 13-nji oktýabr, 2009 ý.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Moskwadaky metbugat konferensiýasynda, 13-nji oktýabr, 2009 ý.

Öten aý Eýranyň şaýylarynyň mukaddes şäheri Kumuň golaýynda uran baýlaşdyrýan stansiýanyň barlygynyň üstüniň açylmagy Orsýeti geňirgendirene meňzäpdi.

Prezident Medwedew Eýranyň ýadro programmasy baradaky dawany çözmek üçin sanksiýalary Moskwanyň iň gowy usul diýip hasap etmeýändigini aýdyp, “Ýöne Eýrana täsir etmäge bar bolan mümkinçilikler peýda bermedik ýagdaýynda halkara sanksiýalaryny ulanarys” diýipdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary hanym Hillari Klinton Orsýete edýän iki günlük saparynda Medwedew bilen duşuşyp, onuň bu aýdanlaryna näderejede bil baglap boljakdygyny bilmek isleýär. Günbatar häzir Eýran uran baýlaşdyrma işini togtatmadyk ýagdaýynda oňa görkezilýän gysyşy güýçlendirjek bolýar.

Hanym Klinton muny düýn Londonda şeýle beýan etdi: “Halkara arkalaşygy Eýranyň öz üstüne alan halkara borçlaryny ýerine ýetirmegine ömürlik garaşyp bilmez”.

Eýran öz ýadro progammasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini nygtaýar. Ýöne günbatar döwletleri Tähranyň gizlin atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýandygyny güman edýärler.

Kreml garşy çykyp gelýär

Kreml Günbataryň Tährana gysyş görkezmegine uzak wagtlap garşy çykyp geldi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasydygy üçin bu guramanyň sanksiýalaryna weto goýup bilýär. Onuň Eýran bilen çynlakaý söwda gatnaşyklary-da bar.

Syýasy synçy Andreý Piontkowskiniň garaýşyça, iki tarap-da duşuşygyň gowy geçmegini isleýär. Ýöne diňe bir hoşamaý sözler bolaýmasa, başga gelnen bir netije bolmaz. Pionkowski şeýle diýýär: “Waşington Medwedewiň pozisiýasyna gaty umyt baglaýar. Ýöne bu bir hakyky wada däl. Üýtgän zat ýok. Moskwa sanksiýalara şübheli garaýar”.

Ekspertler öten hepde Ženewada geçen gepleşiklerde Eýranyň barlagçylara Kumdaky uran baýlaşdyrýan stansiýa baryp görmäge ýol bermegi Waşingtonyň sanksiýalar barada Moskwanyň goldawyny almagyny kynlaşdyrar diýen pikirde.

Beýleki potensial böwet

Ýene bir potensial böwet – Orsýetiň gepleşikleri Birleşen Ştatlaryň raketadan goranyş sistemasyna bagly etmegi. Prezident Barak Obama Gündogar Ýewropada ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulan raketadan goranyş sistemasy baradaky plany ýaňy goýbolsun etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow öten hepde Obamanyň bu kararyny “bu dialog üçin gowy şertler döretdi” diýip öwdi: “Biziň deslapky çaklamalarymyz boýunça bu täze plan raketadan goranyş sistemasy baradaky plan düzülende aýdyşymyz ýaly howply däl”.

Ýöne Lawrowyň soňra täze plan “jogapdan köp sorag döredýär” diýmegi Orsýetiň ýene garşylyk görkezmeginiň mümkindigini aňladýar.
XS
SM
MD
LG