Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe bilen Ermenistanyň prezidentleri futbol ýaryşyna bilelikde tomaşa ederler


Türkiýe bilen Ermenistanyň ýolbaşçylarynyň şu gün Türkiýede bu iki ýurduň milli futbol komandalarynyň arasynda oýnaljak ýaryşa bilelikde tomaşa etmegine garaşylýar.

Bütündünýä futbol çempionatynyň çäginde geçirilýän bu ýaryşyň bu iki ýurduň arasynda onlarça ýyldan bäri dowam edýän dartgynlygyň köşeşmeginede goşant goşjakdygy aýdylýar.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül bilen Ermenistanyň prezidenti Serj Sarkisiýanyň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçiriljek bu ýaryşa bilelikde tomaşa etmek baradaky karary, bu iki ýurduň wekilleriniň arasynda serhet gapylaryny açmak hemem diplomatik aragatnaşyklary ýola goýmak ýaly madallary öz içine alan ylalaşyklara gol goýulmagynyň yz yanyna gabat geldi.

Häzirki döwürde Ermenistanyň we Türkiýäniň milli komandalarynyň hiç biriniň Bütindünýä futbol ýaryşyna gatnaşmaga mümkinçiligi galmady. Sebäbi olaryň ikisi hem beýleki komandalardan utulup ýaryşdan bir eýýam çykdylar.

Emma bu çärä futbol diplomatiýasy diýilip atlandyrylýan aladanyň çäginde uly ähmiýet berilýär. Sebäbi mundan ozal Türkiýäniň prezidenti hem bu iki ýurduň milli komandalarynyň arasynda geçirilen bu ýaryşyň birinji tapgyryna tomaşa etmek üçin Yerewana barypdy.
XS
SM
MD
LG