Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tamda Owganystandaky ýagdaýlar barada ýygnak geçiriler


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Waşingtonuň Owganystan we Päkistan boýunça alyp barýan syýasaty barada şu gün ýokary derejeli amerikaly ýolbaşçylar bilen pikir alyşar.

Obama sişenbe güni eden çykyşynda, Owganystana müňlerçe goşmaça harby iberip-ibermezlik baradaky öz kararyny, geljek hepdeleriň dowamynda yglan etjekdigini aýtdy.

Ol Ak Tamda žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, bu region boýunça alnyp baryljak täze syýasatyň esasy ugry Al-Kaýda we onuň aşa dinçi ýaranlaryny basyp ýatyrmakdan ybarat bolar diýdi.

“Biziň maksadymyzyň esasy özeňi Birleşen Ştatlaryna we onuň ýaranlaryna hüjüm edäymegi mümkin Al-Kayda topary we onuň aşa dinçi ýaranlaryny basyp ýatyrmak bolmaklygyna galýar. Bu biziň missiýamyzyň düýp damarydyr. Şol bir wagtyň özünde-de biz regionyň durnukly bolmagy bilen hem gyzyklanýarys. Bu region diňe Owganystan bilen çäklenman ol Päkistany hem öz içine alýar. Men şol regionyň ilatynyň parahatçylygy we abadançylygy gazanmagyny umyt edýärin” diýip Birleşen Ştatlaryň prezidenti Obama aýtdy.

Ak-Tamda şu günki geçiriljek ýygnak prezident Obamanyň Owganystan boýunça täze strategiýasyny yglan edeninden soň geçirilýän bu baradaky bäşinji duşuşykdyr.
XS
SM
MD
LG