Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 2004-2008-nji ýyllaryň aralygynda 85 müň adam heläk boldy


Yragyň adam hukuklary boýunça ministrliginiň maglumatyna görä, bu ýurtda 2004 bilen 2008-nji ýyllaryň aralygynda bolan çaknaşyklar we partlamalarda azyndan 85 müň adam wepat bolupdyr.

Bu Yragyň Saglyk ministrligi tarapyndan ölümi sanawa alnan adamlar baradaky maglumatdyr. Ady agzalýan ministrlik tarapyndan ýaýradylan şol hasabatda, şol ýyllaryň dowamynda bolan dürli wakalarda azyndan 147 müň töweregi adamyň hem ýaralananlygy aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň we bu ýurtda ýerleşýän beýleki daşary ýurtly harbylar bilen bir hatarda Yragyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürülen adamlaryň sany barada anyk maglumat ýok.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa 2003-nji ýylda Yrakda harby operasiýalara başlapdy.
XS
SM
MD
LG