Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýygnagy geçirilýär


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary şu gün Hytaýyň paýtagty Pekinde ýygnanyşýarlar. Gurama agza ýurtlaryň arasynda ykdysady we howpsuzlyk boýunça aragatnaşygy artdyrmagy maksat edinýän bu topar 2001-nji ýylda döredilipdi.

Bu gurama Orsýet, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan agzadyr. Eýran, Päkistan, Hindistan we Mongoliýa bolsa bu guramanyň ýygnaklaryna synçy hökmünde gatnaşýarlar.

Bu guramanyň hökümet ýolbaşçylarynyň sammiti, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa edýän saparynyň dowamynda bu iki ýurduň arasynda gelnen ençeme ylalaşygyň yz ýanyna gabat geldi.

Möçberi 3,5 millýard dollara barabardygy aýdylýan bu ylalaşyklaryň çäginde, Orsýetiň döwlet tarapyndan eýeçilik edilýän Gazprom kompaniýasy Hytaýa gaz eksport eder.

Gazpromyň ýolbaşçysy Alekseý Miller bu ylalaşyklaryň Moskwanyň Hytaýa her ýyl 70 millard kub meter gaz eksport etmegini göz öňünde tutýanlygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG