Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we Hytaý gepleşikler geçirýär


Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao (sagda) we orsýetli kärdeşi Wladimir Putin Pekindäki gol çekişlik dabarasynda, 13-nji oktýabr, 2009 ý.
Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao (sagda) we orsýetli kärdeşi Wladimir Putin Pekindäki gol çekişlik dabarasynda, 13-nji oktýabr, 2009 ý.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin esasan söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça gatnaşyklary maslahatlaşmak üçin Hytaýa bardy. Hytaýda 3,5 milliard dollarlyk biznes ylalaşygyna gol çekişildi, emma energiýa boýunça garaşylýan ylalaşyk näbelli bolmagynda galýar

Putiniň saparynyň esasy maksady Sibiriň tebigy gazyny Hytaýyň energiýa bazarynda ýerlemek boýunça ylalaşyk gazanmakdy. Emma häzirlikçe bu başa barmady.

Orsýetiň premýer-ministriniň üç günlük resmi saparynyň iki güni geçip barýar. Habarlara görä, iki tarapyň hem resmileri energiýa boýunça ylalaşygyň häzirki nusgasyny tamamlamagyň üstünde işleýärler. Planlaşdyrylýan şertnama şu ýylyň başlarynda nebit boýunça gol çekişilen 25 milliard dollarlyk karz ylalaşygyna meňzeş bolmaly.

Gaz boýunça ylalaşygy nämäniň gijikdirýändigi anyk belli däl. Emma “Assoşeýted Press” agentliginiň çaklamagyna görä, baha meselesi düşünişmezligiň esasy sebäbi. Hytaý bilen Orsýet şu meseläniň üstünde üç ýyl bäri çekeleşip gelýärler. Hytaý Orsýetiň tebigy baýlyklaryna şärik bolmak isleýär. Moskwa bolsa strategiki mülküne başganyň el urmagyna hemişe garşy.

Birek-birege mätäçlik

Gaz ylalaşygy babatda ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, iki tarapyň hem gepleşikleri dowam etdirjekdigi ikuçsuz. Ykdysady krizis sebäli Ýewropa satylýan gazyň möçberiniň azalmagy netijesinde Orsýetiň energiýa pudagy goşmaça maýa goýumlara diýseň mätäç. Sibirdäki Kowykta gaz ýatagynyň özleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol ýerde 2 trillion kub metrlik tebigy gazyň bardygy çak edilýär. Geografiki ýerleşişi taýdan seredeniňde-de, şol ýerden Hytaýa gaz satmak amatly hasaplanylýar.

Ykdysadyýeti ýyllyk 8% ösýän Hytaýyň hem energiýa talaplary ösýär. Şol talaplary bolsa Sibirdäki gaz ýataklary ödäp biljek. Putiniň sapary global ykdysady durgunlyk sebäpli iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pese gaçan döwrüne gabat geldi. 2008-nji ýylda Orsýetiň Ýewropa Bilelelşiginden soňky iň uly söwda hyzmatdaşy Hytaý bolupdy.

Emma 2009-njy ýylyň ilkinji sekiz aýynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda 36,2% pese gaçdy, Hytaýyň Orsýete edýän eksporty bolsa 49,4% kemelip, 10,2 milliard dollara barabar boldy.

Pekine saparynýň dowamynda Putin hytaýly kärdeşi Wen Jiabao we prezident Hu Sin Tao hem-de ýurduň beýleki liderleri bilen duşuşyk geçirýär. Şeýle hem ol şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň duşuşygyna gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG