Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton rus studentleriniň öňünde çykyş etdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton rus studentleriniň öňünde çykyş edip, ýurduň geljeginiň ýaşlaryň jemgyýetde esasy azatlyklary döretmäge höwes etmeklerine baglydygyny aýtdy. Şol esasy azatlyklaryň hataryna häkimiýetleriň eden-etdiliklerine garşy çykmak azatlygynyň girýandigini hem hanym Klinton belledi.

Şu gün Döwlet sekretary Orsýete edýan saparynyň soňunda Tatarstana bardy. “Eho Moskwy” radiostansiýasynda eden çykyşynda Hillari Klinton şeýle diýdi: “Demokratiýa Orsýete bähbitlidir. Adam hukuklaryna hormat goýmak, garaşsyz sud sistemasy, garaşsyz metbugat ýaly faktorlar ilat köpçüliginiň bähbidini araýan durnukly syýasy sistemasyny gurmaga ýardam berýär. Biz hemişe bu barada gürrüň ederis hem şol gymmatlyklary öňe sürýanleri goldarys”.

Şu gün Orsýetiň Döwlet Dumasynda “Kommunistik”, “Liberal demokratik” hem “Adalatly Orsýet” partiýalardan bolan deputatlar, 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň netijelerine garşy protest bildirip, parlamenti terk etdiler.

Oppozision partiýalar şol saýlawlarda galplyklara ýol berilendigini aýdýarlar.

11-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda Kremli goldaýan “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Orsýet Dumasynyň spikeri Boris Gryzlow, deputatlaryň bu hereketlerini ýazgaryp, olary problemalary konstruktiw çözmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG