Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda halkara maýa goýum forumy açylar


15-nji oktýabrda Türkmenistanda halkara maýa goýum forumy açylýar diýen maglumat bu forumyň internmet saýtynda çap edildi. Bu forum 17-nji oktýabra çenli dowam eder.

Onuň geçirilmeginiň diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem bütin dünýäniň biznes elitasy üçin örän möhüm waka boljakdygy habar berilýär.

“Ýurtda amatly inwestisiýa şertlerini döredip, biz deňhukukly hem birek-birege bähbitli şertlerde işleşmäge taýýar hemmeleri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarys” diýlip, halkara maýa goýum forumynyň internet sahypasynda aýdylýar.

Bu forumda çykyş edýänleriň arasynda “Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň”, “Doýçe bankyň”, “Bütindünýa bankynyň”, “Aziýanyň ösüş” bankynyň wekilleriniň atlary bar. Şeýle-de RWE, Gaffneý, Kline and Asoşiates ýaly iri kompaniýalaryň wekilleriniň bu forumda çykyş etjekdikleri habar berilýär.

Halkara synçylary Türkmenistanda parahorlugyň, korrupsiýanyň ösmeginiň ýurda maýa goýumlary çekmek meselesine gaty uly böwet bolýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG