Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýäde açlyk çekýän adamlaryň sany 1 milliard


Birşelen Milletler Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2009-njy ýylda dünýäde açlykdan ejir çekýänleriň sany 1 milliard adamdan gowrak bolupdyr. Bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirileninde 100 million adam köpdür.
Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk programmasy maglumat ýaýratdy.

Bilermenleriň pikirlerine görä, açlykdan ejir çekýän adamlaryň sanynyň artmagyna global ykdysady çökgünlilik hem-de azyk krizisi sebäp bolupdyr.

Şu gün Bagdadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jawadain bazarynyň raketa okyna tutulmagy netijesinde azyndan 8 adamyň heläk bolandygy, 14 adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Soňky 18 aýyň dowamynda Yrakda zorlugyň derejesiniň artandygy maglumatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG