Sepleriň elýeterliligi

ŞHG döwletleriniň duşuşygy boldy


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Pekindäki duşuşygy, 14-nji oktýabr, 2009 ý.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Pekindäki duşuşygy, 14-nji oktýabr, 2009 ý.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza alty döwlete wekilçilik edýän premýer-ministrleriň Pekinde geçiren şu günki duşuşygynda ilkinji nobatda ündelen zat – energiýa we ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak boldy.

Aslynda regionda howpsuzlygy gorap saklamaga niýetlenilen, Orsýetiň we Hytaýyňyň agalygyndaky bu toparyň duşuşygynda regionyň howpsuzlygy barada barha artýan aladalar, Owganystanda barýan uruş, halkara arkalaşygyny iňkise goýýan Eýranyň atom programmasy hakda aýdylan zat bolmady.

Hytaý, Orsýet we Orta Aziýanyň dört ýurdunyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň – premýer-ministrleri öz maslahatlarynda global ykdysady krizise utgaşykly jogap bermeli diýen netijä geldiler.

Duşuşyga synçy hökmünde Hindistanyň, Eýranyň, Mongoliýanyň we Pakistanyň wekilleri gatnaşdylar.

“Özboluşly mümkinçilikler”

Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao Pekin duşuşygy oňa gatnaşanlara “özboluşly mümkinçilikleri” hödürledi diýdi: “Men agza döwletleriň ählisi egin egne berip işleseler, hyzmatdaşlygy çuňaltsalar, region üçin parahat, abadan gelejegi döredip biljekdigimize ynanýaryn”.

Hytaý iýun aýynda guramanyň Orsýetde geçen ýokary derejeli duşuşygynda maliýe krizisini ýeňip geçmekleri üçin Orta Aziýa ýurtlaryny 10 milliard dollarlyk kredit bilen goldamagy teklip edipdi. Ýöne bu duşuşykda bu barada aýdylan zat bolmady.

Premýer-ministrler söwda, energiýa, oba hojalygy, transport, medeniýet, saglygy goraýyş we tebigaty goramak baradaky eneçeme ylalaşyga gol çekişdiler. Şeýle hem transport we telekommunikasiýa baglanyşygyny ösdürmek üçin fond döredilmeli edildi.

“Munda üýtgän zat bolmaz”

Ors premýer-ministri Wladimir Putin Eýranyň we Owganystanyň wise-prezidentleri şeýle hem Gazagystanyň premýer-ministri bilen duşuşmakçy.

Ýuriý Uşakow bu hakda şeýle diýýär: “Putiniň Eýranyň wise-prezidenti Mohammed Reza Rahimi bilen duşuşygy bu ýurduň atom meseleleri barada bolar”. Ýöne onuň aýtmagyna görä, bu duşuşykda täze bir zat aýdylmaz. Orsýetiň Eýranyň atom programmasy baradaky tutumyny bütin dünýä bilýär. “Munda üýtgän zat bolmaz”.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Orsýet bilen Hytaý Günbataryň Eýranyň garşysyna berk ykdysady sanksiýalary girizmegine garşy. Putin Gazagystanyň premýer-ministri Karim Masimow bilen hem iki taraplaýyn hyzmatdaşlyk hakda gürleşmekçi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 1996-njy ýylda ”Şanhaý bäşligi” ady bilen gurlupdy. 2001-nji ýylda oňa Özbegistan goşulansoň, bu at üýtgedildi.
XS
SM
MD
LG