Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muny Eýranyň mediasy hem başarardy…


Prezidentlige kandidat, reformaçy Mir Hussein Musawini goldaýandygynyň yşaraty hökmünde goşaryna ýaşyl lenta dakan ýetginjek Hamadan şäherinde bir internet kafede otyr, 27-nji maý, 2009 ý.
Prezidentlige kandidat, reformaçy Mir Hussein Musawini goldaýandygynyň yşaraty hökmünde goşaryna ýaşyl lenta dakan ýetginjek Hamadan şäherinde bir internet kafede otyr, 27-nji maý, 2009 ý.
Abbas Jawadi

Golaýda geçen bir konferensiýada musulman ýurtlarynyň radio we telewideniýesinde çykyş eden Eýranýň prezidenti Mahmud Ahmedinejad beýleki hökümetleri agdarmakda günbatar ýurtlarynyň ulanýan esasy serişdesiniň metbugatdygyny aýtdy.

Ol: “Ýadro, himiki we biologik ýaraglar adamlaryň diňe ünsüni başga zada sowmak üçin ulanylýan zatlar. Duşmanyň bu gün esasy ýaragy – media” diýdi.

Aragatnaşyk döwründe medianyň rolunyň uludygyna Ahmedinejadyň göz ýetirmegi dogry zat. Millionlarça adamyň arasynda informasiýa we habarlaşma mümkinçiligi bolmasady, 12-nji iýunda geçen prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylmagy, häkimiýetleriň howul-hara Ahmedinejady ýeňiji diýip yglan etmegi tutuş ýurtda güýçli protestlere getirmese-de getirmezdi.

Ýöne rejimi aklamak üçin niýetlenen saýlawlaryň galplaşdyrylandygy baradaky habarlary günbatar mediasynyň ile ýaýratmagy režimiň kanunylygyny çagşatdy. Sebäbi ses berişligiň ýoýulandygy baradaky maglumatlary, ozallar edilişi ýaly, basyp ýatyryp bolmady. Indi Ahmedinejad bilen onuň halypasy Ýokary dini ýolbaşçy Aýatollah Ali Hameneýi höküm sürmek üçin güýje – Rewolýusiýanyň sakçylary bilen Basij leşgerlerine daýanýarlar.

Tährandaky režimiň ”Farda” radiosy, ”Amerikanyň sesi” radiosy we BBC ýaly Birleşen Ştatlar ýa Britaniýa tarapyndan maliýeleşdirilýän radio hem telekanallary ençeme ýyl bäri öz efir giňişliklerinde bogup, baglap gelýändigi çyn. Ýöne häkimiýetleriň saýlawdan has öň reformaçy we belli bir derejede garaşsyz gazetleri, olaryň internet sahypalaryny ýapmagyny Ahmedinejad nädip düşündirip biler?

“Habary çalt ýaýradyň”

Öten iýunda bir yspyhanly diňleýji meniň ýanymda, “Biziň Yspyhan uniwersitetiniň öňünde ýola goýýan protestlerimizi ”Farda” radiosy çalt ile ýetirmeýär” diýip zeýrendi. “Biz gündiz bir protest ýygnanyşygyny geçirýäris. Şol gün agşam hem onuň habaryny ”Farda” radiosyndan diňlemek ýa BBC-niň parsça telekanalyndan görmek üçin oturýarys. Habar ýaýramasa, adamlary protestlere çekip bolmasa, biz nähili ýeňiş gazanaly” diýip, yspyhanly ýigit aýtdy.

Yslam Respublikasy gurlaly aradan 30 ýyl geçensoň, millionlarça eýranly isleglerini beýan edip, köçelerde protest geçirmäge ýürek etdiler. Olar kommunikasiýanyň radio, telewideniýe we internet ýaly ähli platformalaryndan peýdalandylar. Režime garşylyk görkezmek üçin olar bu serişdelerden ýene peýdalanýarlar.

Dogry, Ahmedinejad prezident diýlip yglan edildi. Ýokary dini ýolbaşçy Aýatollah Hameneýi hem oppozisiýany ret etmegi dowam etdirýär. Ýöne oppozisiýa ozal däp boýunça dymyp gelen ýa Hameneýiniň çäksiz häkimiýetini goldan ruhanylaryň we beýleki toparlaryň goşulmagy bilen barha güýjeýär.

Öten iýundan bäri göze ilýän alamatlar saýlawdan soň turan protestleriň diňe birje gezek turup, ymykly basylyp ýatyrylan protestleriň hilinden däldigini görkezýär.

Abbas Jawadi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gepleşikler bölüminiň başlygynyň kömekçisi. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG