Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli deputatlar protest hökmünde parlamenti terk etdiler


Orsýetde ýekşenbe güni geçirilen ýerli saylawlaryň netijesini protest edip ors parlamentiniň Kremliň tarapyny tutýan partiýasynyň wekillerinden başga ähli deputatlary düýn ýygnak geçirilýän zaly terk etdiler.

Dumany terk eden ors kanun çykaryjylarynyň aýtmagyna görä, ady agzalýan saýlawlarda aşa galplyklara ýol berlipdir. Şol saýlawlarda hökümeti dolandyrýan Bütewi Orsýet partiýasy berlen sesleriň aglabasyny gazandy. Hökümet bu aýyplamany ret edýär.

Orsýetiň parlamentiniň agzalarynyň köpüsi Bütewi Orsýet partiýasynyň deputatlaryndan ybarat bolup, Dumada Liberal Demokratik, Komunistik şeýle-de Diňe Orsýet Partiýalaryna hem wekilçilik edilýär.

Kanun çykaryjylaryň protest edip Dumany terk etmekleri, Orsýetde adaty ýagdaý diýlip hasaplanmaýar. Liberal oppozision partiýalarynyň bolsa parlamentde agzalary ýok.

Düýn parlamenti terk eden deputatlaryň aýtmagyna görä, olara Dimitriý Medwedew bilen duşuşup öz pikirlerini prezidente aýtmaga mümkinçilik berilýänçä parlamente dolanmazlar.
XS
SM
MD
LG