Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetden Hytaýa akdyryljak gazyň bahasy barada prinsipde ylalaşyldy


Moskwa bilen Pekiňiň arasynda Orsýetden Hytaýa akdyryljak gazyň bahasy bilen bagly prinsipde ylalaşyga gelinenligi aýdylýar.

Orsýetiň Gazprom kompaniýasy bilen Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň arasynda gelnen ylalaşyga görä, gazyň bahasy nebitiň Aziýadaky nyrhy bilen bagly tutular.

Bu habary Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Hytaýa eden saparyny tamamlandan soň düýn eden çykyşynda öňe sürdi.

Ady agzalýan kompaniýalaryň arasynda sişenbe güni gelnen ylalaşyga görä, Orsýet her ýyl Hytaýa 70 milliard kub meter gaz akdyrar. Emma şol dokumentde gazyň bahasy barada anyk maddanyň ýokdugy aýdylýar.

Gazprom Hytaýy hem ýewropaly müşderileri tarapyndan tölenýän baha razy etmäge synanyşýardy. Emma Hytaý munuň bilen ylalaşman, Orsýeti has pesiräk baha razy etmäge çalşyp geldi.
XS
SM
MD
LG