Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet Sekretary Klinton Kazana bardy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Kul Şarif metjidinde.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Kul Şarif metjidinde.

Moskwada ors prezidenti Medwedew, Daşary işleri ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşan Hillary Klintonyň ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan durýan Tatarystana barmagy Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmisiniň bu ýere eden ilkinji saparydyr.

Amerikan resmileri: “Hanym Klintonyň dini ýolbaşçylar bilen duşuşyp, ýaş musulmanlar bilen dini bölünişikleri ýeňip geçmek barada pikir alyşmagy arkaly bu sapar dini ynançlar arasyndaky hyzmatdaşlygyň nygtalmagy bolar” diýýärler.

Synçylaryň pikiriçe bolsa, Döwlet sekretarynyň Tatarystana sapary Ak Tamyň Kremlden aňrylara ulaşmaga gönükdirilen täze strategiýasynyň köp gatlakly jemgyýetçilik diplomatiýasynyň dowamy bolup durýar.

Döwlet departmentiniň öňki işgäri, Orsýet boýunça ekspert Stiwen Pifer bu strategiýanyň prezident Obamanyň öten tomus Moskwa eden saparyndan başlanandygyny aýdýar: “Bu bir möhüm zat. Admnistrasiýa ýeke Moskwada hökümet bilen gepleşik alyp baranok. Ol ýurduň beýleki ýerlerine-de aralaşmaga synanyşýar. Klinton regionlara ulaşmagyň Orsýete aralaşmaga degişli zatdygyny görkezýär. Bu iş prezident Obamanyň öten iýulda Moskwadaka graždan jemgyýetiniň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmagyndan gözbaş aldy”.

Adatdan daşary mysal

Tatarystan ors regionlarynyň arasynda adatdan daşary mysal bolup durýar. Onuň 3,8 million ilatynyň 52.9 prosenti musulman tatarlar. 39,5 prosenti prawoslaw orslar.

Tatarystan Ors Federasiýasynda belli bir derejä çenli özbaşdaklykdan peýdalanýan respublika. Ýöne Moskwanyň muny çäklendirmäge synanyşýan mahallary az bolanok. Mysal üçin, ýaňy sentýabrda Orsýetiň Ýokary sudy ors dilini tatar dili bilen birlikde resmi dil etmeli diýip tatar hökümetine buýruk berdi.

Klintonyň saparyna köp tatarlar begenýärler. Ýöne muňa begenmeýänler-de bar. Bularyň biri oppozision ýolbaşçy, Tatarystanyň Orsýetden aýrylyp, garaşsyz bolmagyny isleýän Fawziýa Baýramowa.

“Hanym Klinton Orsýetde adam hukuklarynyň depelenýändigini bilýärmi? Adamlary öz ene dilinde bilim almak hukugyndan mahrum eden täze magaryf kanunyny bilýärmi? Ol hristiançylygyň resmi dine öwrülip, mekdeplerde hökmany edilendigini bilýärmi? Beýleki milletleriň dini hukuklarynyň, bilim almak hukuklarynyň depelenýändigini bilýärmi? Ol bu zatlary bilýän bolsa, Birleşen Ştatlar bu barada näme etmekçi?” diýip, Baýramowa sorag berýär.

“Kreml ylalaşmasa gelmezdi”

Tatar mediasynyň habar bermegine görä, Kreml Klintonyň Kazana gelmegi bilen ylalşmazdan öň oňa başga şäherlere gitmegi teklip edipdir. Ýöne Pifer Kreml ylalaşamasa, Klinton Kazana gelmezdi diýýär.

Tatarystanyň Ylymlar Akademiýasynyň taryh institutynyň başlygy Rafael Hakimow Kazan Moskwa we Sankt-Peterburg ýaly Orsýetiň täsin şäherleriniň biri diýýär: “Men Klintonyň anyk näme bilen gyzyklanýandygyny bilemok. Ýöne Kazana gelýän amerikan alymlary onyň täsin tarapy regionyň durnuklylygy, çydamly yslam, Moskwa bilen parahatçylykly hyzmatdaşlyk, şäheriň gözelligi diýýärler. Ine, şu üç zady birikdirseň, Kazan Orsýetiň üçünji paýtagty bolýar”.
XS
SM
MD
LG