Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-Orsýet ýakynlaşmasyna alada bildirildi


Waslaw Hawel “Forum-2000-de” çykyş edýär, 12-nji oktýabr, 2009 ý.

Waslaw Hawel “Forum-2000-de” çykyş edýär, 12-nji oktýabr, 2009 ý.

“Forum 2000” diýlip atlandyrylýan gurama hiç haçan Kremle dostlukly garaýyşda bolmandy.

Bu Forum 1997-nji ýylda Çehiýanyň prezidenti Waslaw Gawel tarapyndan esaslandyryldy we global derejede problemalary maslahatlaşmaga gönükdirilen. Maslahata ozalky sowet döwletlerinden we hukuk goraýjy aktiwistlerden syýasatçylar çagyrylýar.

12-nji we 13-nji oktýabrda Pragada geçirilen iki günlük maslahata Orsýetiň Gündogar Ýewropa täsiriniň artýandygyna we bu ýurtda höküm sürýän adam hukuklarynyň ýaramaz ýagdaýyna üns berildi. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Moskwa ýakynlaşýan syýasatynyň-da Orsýetde beýle ýagdaýyň ösmegine sebäp bolýandygy öňe sürüldi.

Orsýetden gorkmalymy?

Çehiýaly senator Aleksander Wondra bu saparky maslahaty alyp bardy. Şonda Orsýetiň global derejedäki roluna degip geçip, şeýle sorag bilen maslahata gatnaşýanlara ýüzlendi: “Biz Orsýetden gorkmalymy?” Elbetde, muňa anyk bir jogap bolmady.

Maslahatda esasy çykyş bilen ýüzlenen Latwiýadan Ýewroparlamentiň deputaty Sandra Kalniete boldy. Ol şeýle diýdi: “Moskwa täze ýollar bilen syýsay basyş etmek üçin energiýa we beýleki ýaraglardan peýdalanýar. Ol Gündogar Ýewropa we Baltik ýaka döwletlerini NATO-dan hem-de Ýewropa Bileleşiginden çetleşdirmek ýollarynyň gözleginde” diýip, Kaliniete aýtdy.

Ol şeýle-de öz çykyşynda Amerikan prezidenti Barak Obamanyň geçen aý Polşada we Çehiýada raketadan goranyş sistemany goýbolsun edýän kararyny-da ýazgardy.

Kalnieteniň garaýşy ABŞ-nyň Merkezi we Gündogar Ýewropadan dura-bara çekilýär diýenleriň pikiri bilen kybapdaş geldi. Ol ýene şeýle diýdi: “Buşuň we Klintonyň döwründe Gündogar Ýewropa günüň tertibinde durýardy. Häzir Waşingtonyň raketadan goranyş planlaryny Polşada we Çehiýada goýbolsun etmek baradaky kararyna biz bu meseläniň günüň tertibinden aýryldygy diýip düşünýäris” diýip, Kalniete aýtdy.

Obamanyň Orsýet boýunça syýasaty

Obamanyň Orsýet babatynda alyp barýan syýasaty Merkezi we Gündogar Ýewropada gahar-gazap döretdi. Bu sebitde öň onlarça ýyllap Sowet agalygy höküm sürüpdi.

Geçen ýyl Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan urşdan soňra regionda ýerleşýän döwletleriň arasynda Orsýetiň potensial haýbatyna garşy Günbatar özlerini köpräk goramaly diýen garaýyş ýüze çykdy.

Şu tomusda Kalniete, Wondra we konferensiýany esaslandyran W.Gawel, beýleki syýasatçylar hem-de kommunistik blokdan gelen intelligensiýa wekilleri Obamanyň Moskwa bilen bagly alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirýän açyk hata gol çekipdiler. Şol hatda şeýle-de Barak Obama George Buşuň raketadan goranyş planyny dowam etdirmäge çagyrylýar.

Forumda çykyş eden Çehiýanyň ozalky prezidenti W.Gawel şeýle diýdi: “Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna täze eýe bolan adam Hytaýa saparyndan soňra tibetlileriň ruhany lideri Dalaý Lama bilen duşuşjagyny mälim etdi. Duşuşygy şoňa çenli gaýra süýşürdi. Bu göze iler-ilmez kompromisiň öz belli bir logikasy bar” diýip, Hawel aýdýar.

Konferensiýanyň geçirilýän wagty ABŞ-nyň döwlet sekretary H.Klintonyň Orsýete ilkinji saparyna gabat geldi. Öz saparynda Obamanyň Moskwa bilen bagly alyp barýan syýasatyna Hanym Klintonyň gowy baha berjegi aýdylýar.

Ýewropa näme edip biler?

“Forum 2000” diýilýän maslahata Orsýetli oppozision syýasatçy Grigoriý Ýawlinskiý-de gatnaşdy. Ol öz çykyşynda öz ýurdunda demokratiýanyň ýoklugyny aýdyp, Günbataryň Orsýet bilen bagly alyp barýan gapma-garşylykly syýasatyny-da tankyt etdi.

Ýawlinskiý Orsýete garşy alnyp barylmaly syýast dogrusynda sözläp, Orsýetde demokratiýanyň ornaşmagyna ýardam etmezden ozal Ýewropa öz ugruny belli etmeli diýdi. “Siz nädip kömek edip bilersiňiz? Jogap örän ýönekeý. Siziň öz mysalyňyzy alyp göreliň. Ýewropa Bileleşigi öz prinsiplerini we gymmatlyklaryna aýak diremeli. Global möçberde dörän ykdysady we sýyasy krizisi ýeňmek üçin ABŞ-a kömek ediň, biz muňa seredýäris. Ol şeýle bolan ýagdaýynda işler tizleşer, galan işleriň hötdesinden biziň özümiz geleris” diýip, Ýawlinskiý aýtdy.

Düýn bolsa, Çehiýanyň prezidenti Waslaw Klus iki ýurduň arasyndaky söwda, energiýa we howpsuzlyk meseleleri boýunça Orsýetli kärdeşi Medwedew bilen gepleşikler geçirmek üçin Moskwa uçdy.
XS
SM
MD
LG