Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanda polisiýa binalaryna hüjüm boldy


Päkistanyň Lahor şäherinde pitneçiler polisiýa derňewleriniň Federal agentliginiň ýerli ştabyna hem-de iki türgenleşik merkezine hüjüm etdi, netijede azyndan 20 adam heläk boldy.

Hüjüm eden 10 adamyň käbiri öldürildi, galanlary öz janlaryna kast edip heläk boldular.

Soňky günler Päkistanda amala aşyrylýan hüjümler ýygjamlaşdy.

Häzir Päkistanyň häkimiýetleri Owganystan bilen araçäkde ýerleşýän Günorta Waziristanda giňişleýin harby operasiýalary geçirmäge taýýarlyk görýär.
XS
SM
MD
LG