Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi geçirildi


Düýn, 14-nji oktýabrda şu ýylyň 9 aýynda geçirilen işleriň jemlerine, milli programmalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem beýleki meselelere garalyp geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin maslahatynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçysy Myrat Garryýew prezident Berdimuhamedowa Türkmenistanyň gahrymany diýen ady bermegi teklip etdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Niýazowa birnäçe gezek Türkmenistanyň Gahrymany ady berlipdi.

14-nji oktýabrda geçirlen Ministerler kabinetiniň giňişleýn maslahatynda jemi içerki öndürilýan içerki önümiň 10,8% barabar bolandygy, maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylky bilen deňeşdirilende 2,5 esse artandygy, şeýle hem ilatyň aýylyklarynyň möçberiniň 11% ýokarlanandygy aýdyldy.

Mundan başga Ministrler kabinetiniň maslahatynda kadrlar çalşygy amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Babageldi Annabaýramow Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministri wezipesine bellenildi. Bu wezipani öň Magtumguly Akmyradow eýeleýärdi.

Ýoldaş Aşyrow, Berdimuhamedow tarapyndan birnäçe gezek tankytlanan Atamyrat Altybaýewiň ýerine «Türkmengallaönümleri» assosiasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Meredew Şaberdi Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine bellenildi.

Şeýle-de “Tejenkarbamid” zawodynyň direktory Çarygeldi Möwlamow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy.

“Tejenkarbamid” zawodynyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji hökmünde Çaryýar Tuşiýew bellenilipdir.

Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Baba Zahyrow “ýokary derejeli hökümet edarasynyň ýolbaşçysyna gelişmeýän edepsiz hereketleri üçin” prezident tarapyndan tankytlandy.
XS
SM
MD
LG