Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda täze türkmen serhet geçelgesi açyldy


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatyna görä, 15-nji oktýabrda ABŞ-nyň hökümet wekillerinden düzülen delegasiýa Özbegistan bilen serhetde ýerleşýän Farapda täze türkmen serhet geçelgesiniň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabada barypdyr.

“Iň döwrebaplaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edilen bu bina halkara söwdasyna netijeli ýol açar, we şol bir wagtda-da, neşe serişdeleriň, köpçülikleýin gyrgynçylyga niýetlenen ýaraglaryň, adamlaryň we kontrabandanyň bikanun dolanşygynyň öňüni almaga ýardam eder” diýlip, bu barada ýaýradylan metbugat beýanatynda aýdylýar.

Maglumata görä, Amerikanyn Birlesen Ştatlary tarapyndan maliýeleşdirilen ilkinji "Altyn Asyr" serhet geçelgesi 2006-njy ýylda Eýran bilen serhetde, ikinjisi "Ymamnazar" serhet geçelgesi bolsa, 2007-nji ýylda Owganystan bilen serhetde açylypdy.

Serhet geçelgesiniň ýokary derejeli tehniki mümkinçilikleri Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serişdeleriň hem-de harytlaryň howpsuz, goragly akymyny ýokarlandyrar.


XS
SM
MD
LG