Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady


Şu gün Aşgabadyň Sergi merkezinde Halkara maýa goýum forumynyň öz işine başlandygy habar berilýär.

Oňa dünýaniň 50 ýurdyndan 600 iri kompaniýalarynyň, biržalarynyň, kommersiýa banklarynyň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşýandygy maglumatda aýdylýar.

Bu forumy Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy “IC Energi Limited” atly britan firmasy bilen bilelikde gurnady.

Foruma gatnaşyjylary türkmenistanyň prezidenti hem gutlady.

“Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň daşary ýurtly maýadarlara Türkmenistanda ähmiýetli proýektleri maliýeleşdirmekde, özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakda uly mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn”
diýlip prezidentiň foruma gatnaşyjylara ýoldan ýüzlenmesinde aýdylýar.


XS
SM
MD
LG