Sepleriň elýeterliligi

Ýolötendäki gaz goruna şübhe bildirilýär


"Türkmengaz" döwlet konserni.

"Türkmengaz" döwlet konserni.

Şu hepde Orsýetiň «Wremýa nowosteý» gazeti Britaniýanyň audit boýunça kompaniýasynyň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň Ýolöten-Osman gaz ýatagyndaky gazyň gory barada ýaýradan sanlarynyň hakykysyndan has çişirilen sanlardygy barada ýazdy.

Türkmenistanyň nebit-gaz ministrliginiň ýokary derejeli resmileriniň wezipelerinden boşadylmaklaryndan soň, energiýa resurslary boýunça audit barlaglaryny geçirýän Britaniýanyň “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň gaz rezerwleri barada ýaýradan maglumatynyň galpdygy barada rus metbugatynda peýda bolan habarlar köp soraglary döretdi.

Yglan edilen gazyň möçberi


Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabrynda “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň Türkmenistanyň diňe Ýolöten-Osman gaz ýatagyndaky gazyň möçberiniň azyndan 4 trillion we köpünden hem 14 trillion kubometr töweregi diýlip hasaplanylýandygy barada ýaýradan resmi audit maglumaty halkara jemgyýetçiligi, aýratynam alternatiw energiýa çeşmeleriniň gözlegindäki Günbatar ýurtlary tarapyndan uly bir hoş habar hökmünde kabul edilipdi.

Orsýetiň «Wremýa nowosteý» gazetiniň habarçysy Arkadiý Dubnow bolsa, şu hepde Türkmenistanyň hökümetindäki «ynamdar çeşmelere» salgylanmak bilen britan kompaniýasynyň Türkmenistanda hiç hili barlag geçirmän, onuň bu sanlary türkmen hökümetiniň islegine görä ýaýradandygyny ýazdy.

Biz şu gün Türkmenistanyň nebit-gaz senagaty we mineral resurslary ministrligine jaň edip, bu soňky maglumata ministrligiň bildirýän reaksiýasy bilen gyzyklandyk.

Ministrlikde bize audit meselesi boýunça diňe bir adamyň, ýagny nebit-gaz ministriniň audit meseleleri boýunça orunbasary Babamyrat Hudaýberdiýewiň jogap berip biljekdigini aýtdylar. Ýöne bize berlen nomer boýunça jenap Hudaýberdiýewi tapmaklyk başartmady.

Britan kompaniýasynyň beýanaty


Biz bu soňky maglumatlar barada “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasynyň reaksiýasy bilen hem gyzyklandyk. Ýöne kompaniýanyň resmileri bize interwýu bermekden saklandylar we şu gün bu mesele barada özleriniň ýörite press-reliz ýaýratjakdyklaryny we kompaniýanyň reaksiýasynyň hem şol press-relizde beýan ediljekdigini mälim etdiler.

Şonuň yzy bilen, “Gaffney Cline & Associates” kompaniýasy öz press-relizini ýaýratdy. Ol press-relizde bu kompaniýa özleriniň
Britan kompaniýasy Ýolötende audit barlagyny geçirendigini tassyklaýar.
Türkmenistanda geçiren barlaglarynda hakykatadanam Türkmenistanyň «Türkmengeologiýa» Döwlet konserniniň beren dokumentlerinden peýdalanandyklaryny, emma kompaniýanyň özüniň hem Ýolöten-Osman we Ýaşlar gaz ýataklarynda audit barlaglaryny geçirendigini belläpdir.

Şeýle hem “Gaffney Cline & Associates” Türkmenistanyň gaz rezerwleri baradaky özüniň ýaýradan sanlarynyň türkmen tarapynyň ýa-da beýleki halkara spesialistleriniň çaklamalaryna boýun egýän sanlar bolman, eýse hut şu kompaniýanyň öz geçiren barlaglarynyň netijeleridigini nygtaýar.

Germaniýaly ekspertiň pikiri

Emma düýbi Germaniýada ýerleşýän “EuroAsia Transition” barlaglar toparynyň ýerine ýetiriji direktory Maýkl Laubuş britan kompaniýasynyň bu maglumatynyň hakykata laýyk gelmeýändigini we bu kompaniýanyň Türkmenistanda hakykatadanam hiç hili audit barlaglaryny geçirmändigini aýtdy.

Hususan-da, ol bu barada: «Biziň geçiren barlaglarymyz hem britan kompaniýasyna Türkmenistanda nähilidir bir audit barlaglaryny geçirmäge rugsat berilmändigini görkezýär. Biziň ynamdar çeşmämiziň maglumatyna görä, bu britan kompaniýasy diňe resmi türkmen tarapyndan käbir maglumatlary alypdyr. Şol maglumatlary hem “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasy Türkmenistanyň gaz rezerwleri barada öz hasabatyny taýýarlamak üçin ulanypdyr» diýdi.

Maýkl Laubuş Türkmenistanyň gaz rezerwleri barada hakykata laýyk gelmeýän maglumatyň resmi hasabat hökmünde ýaýradylmagynda türkmen tarapy bilen birlikde britan kompaniýasynyň hem jogapkärdigini belledi.

Wakalaryň baglanşygy


Ýakynda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň nebit-gaz ministrliginiň ýokary derejeli resmileriniň wezipelerinden boşadylmagynyň “metbugatda ýalana çykarylan” gaz rezerwleriniň möçberi bilen näderejede baglanyşykly bolup biljekdigi ýa bilmejekdigi barada soranymyzda, Maýkl Laubuş munuň hakykatdanam şu waka bilen baglanyşyklydygyny öňe sürdi.

«Elbetde, bu özara baglanyşykly. Biziň Türkmenistandaky çeşmelerimiz ýakynda geçirilen adatdan daşary hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedowyň bu baradaky maglumatyň bikanun ýol bilen Günbatar kompaniýalara satylandygynyň üstüni açandygyny habar berýärler. Ol gürrüňi edilýän Günbatar kompaniýalary bolsa Türkmenistanyň gaz ýataklary boýunça geçirilýän tendere gatnaşmak isleýän kompaniýalar» diýip Maýkl Laubuş aýtdy.

Elbetde, analitik Laubuşyň bu maglumatynyň näderejede hakykata laýyk gelýändigini anyklamak bize başartmady. Ýöne şeýle-de bolsa, orsýetli žurnalistiň we germaniýaly analitigiň bu soňky beýanatlary Türkmenistanyň gaz sektorynda bolup geçýän wakalar bilen baglanyşykly köp soraglary döredýär.
XS
SM
MD
LG