Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda saylawlaryň gaýtadan geçirilmegi mümkin


Owganystanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi bu ýurtda prezidentlik saylawlarynyň Hamid Karzaý we onuň esasy garşydaşy Dr. Abdyllanyň gatnaşmagynda gaýtadan geçirilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Ady agzalýan ilçi Said Jawadyň penşenbe güni Waşingtonda öň süren bu pikiri, 20-nji awgustda geçirilen şol saýlawlaryň netijesiniň yglan edilmeginiň öňüsyrasyna gabat geldi.

BMG tarapyndan goldanylýan Owganystanyň saylawlar boýunça şikaýat komissiýasy, ses berişlikde goýberenligi aýdylýan galplyklar baradaky barlaglarynyň netijesini şenbe güni yglan eder.

Said Jawad Dr. Abdyllanyň saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriljek derejede ses alan bolmagy mümkin diýlen pikiri halk köpçüliginiň öňünde beýan eden ilkinji ýokary derejeli hökümet ýolbaşçysydyr.

Emma owgan ilçisi saylawlaryň gaýtadan geçiriljekdiginiň yglan edilmegi bilen bagly saýlawlar komissiýasyndan özüniň göni maglumat almanlygyny-da aýtdy.

Ol aýratynam saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirilmeli bolan halatynda, ähli taraplary örän çalt hereket etmäge çagyryp, bu ses berişligiň mümkin bolsa bir aýyň dowamynda geçirilmelidigini aýtdy.

Bu saýlawlaryň deslapky netijesine görä, prezident Karzaý berlen sesleriň 54.6 prosentini alypdyr, emma şol ses berişlikde aşa galplyklara ýol berlenligi mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG