Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede gozagalaňçylar ela salyndy


Habarlardan mälim bolşuna görä, Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri Al-Kaýda topary bilen baglanşygy barlykda şübhe edilýän 30 adamy tussag edipdir.

Hökümet resmileri şol şubhelileriň NATO guramasynyň merkezlerine, Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň Türkiýedäki wekilhanalaryna hüjüm etmegi planlaşdyran bolmaklarynyň mümkinidgini aýtdylar.

Şol şübheliler Türkiýäniň Wan, Erzurum, Konýa, Batman we Ystambul şäherlerinde amala aşyrlan çärelerde tussag edilipdir. Bu barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Türkiýeli resmiler bu ýurtda ýerleşýän ençeme yslamçy gozgalaňçylaryň Al-Kaýda toparynyň Owganystandaky türgenleşik lagerlerinde bolanlygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG