Sepleriň elýeterliligi

Halkara Walýuta Fondy Türkmenistana gowy baha berdi


Halkara Walýuta Fondynyň Türkmenistana resmi sapar bilen baran delegasiýasy global ykdysady krizisiň täsirinden özini goramagy başaranlygy üçin Türkmenistana gowy baha berdi.

Şol delegasiýa tarapyndan ýaýradylan beýanatdan, aýratynam bu ýurduň aşa pul rezerwiniň bolmagy hem-de daşary ýurtlara bergisiniň ýokdugy şeýle netijäniň gazanylmagyna getirdi diýilýär.

Ady agzalýan delagasiýa, Aşgabadyň maliýe sektorlarynda hem-de bank sistemasynda reformalary amala aşyranlygyny aýdyp, bu çäreler durnukly ykdysady ösüş üçin pozitiw esas döreder diýdi.
XS
SM
MD
LG