Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklary sorag astynda


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan.
Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan bu ýurtda geçmeli NATO-nyň harby türgenleşigine Ysraýylyň gatnaşmagyna ýol bermezlik baradaky kararyň ýurtdaky jemgyýetçilik pikirine esaslanýandygyny aýtdy.

“Her bir syýasy administrasiýanyň öz halkynyň pikirlerine üns bermegi gerek. Bu bir zerurlyk. Bu meselede men öz halkymyň haýyşyny äsgermezlik edip bilmeýärin” diýip Ärdogan nygtady.

12-nji oktýabrdan 23-nji oktýabra çenli dowam etmeli türgenleşik soňa goýuldy. Aýdylyşyna görä, muňa sebäp bolan Birleşen Ştatlar bilen Italiýanyň Ysraýylyň harby howa güýçleri bolmasa, bu türgenleşige gatnaşmagy ret edenligi.

Synçylaryň garaýşyça, Ärdoganyň bu kararynyň Ysraýyl-Türkiýe arasyndaky harby ýaranlygyň soňlanmagynyň, Ankaranyň regionyň beýleki ýurtlary bilen gatnaşygyny gowulandyrmagy isleýändiginiň alamaty bolmagy mümkin.

Fransiýanyň Halkara Gatnaşyklary Institutynyň Türkýe boýunça eksperti Dorothee Schmidiň pikiriçe, bu Türkiýede harbylaryň täsiriniň azalandygyny aňladýar: “Türkiýe öz goňşulary bilen gatnaşykda indi täze milli keşbe girip gelýär. Ýurduň öz içinde hem güýç-gudratyň çäkleri täzelenýär. Bu hem belli bir derejä çenli harbylaryň syýasy garaýyşlaryny hökümete kabul etdirmek başarynygyna zyýanly. Ysraýyl bilen soňky wagtlarda bolan oňaýsyz gatnaşyklaryň ösüşi, iň bärkisi Türkiýe gezek gelende, şu iki ýagdaý bilen düşündirip bolar”.

Daşary syýasatda bir taraplylyk

Syýasy synçylaryň aglabasy gatnaşyklaryň üýtgmegini Ysraýyl güýçleriniň öten dekabrda Gaza çozup girmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Adam hukuklaryny goraýjy guramalary bu operasiýada ölenleriň sanyny 1400-den ýokary diýip berdiler. Olaryň aýtmagyna görä, bularyň 1000-e golaýy parahat ilata degişli palestinalylar.

Schmidiň garaýşyça, Ankaranyň agzala arap dünýäsinde köpräk araçylyk roluny oýnamga ymtylýan bolmagy-de mümkin: “Ysraýyl üstümizdäki ýylyň başyndan bäri daşary syýasy kararlarda köplenç bir taraplylyk görkezdi. Türkiýäni ynjalykdan düşüren şol. Tomus Ysraýylda hökümet başyna milletçilige ýykgyn edýän täze hökümet gelensoň, ysraýyllylaryň özleri türkleriň Ysraýyl bilen Siriýa arasynda araçylyk etmegini islemeýändiklerini aýtdylar. Ankaranyň indi Ysraýyly goşmajak bolýan türgenleşigi türkler tarapdan gatnaşygy deňagramlaşdyrmak üçin edilýän zat. Türklerde Ysraýyl bizi soňky wagatlarda aldawa saldy diýen duýgy bar”.

Orta Gündogar boýunça ekspert, Britaniýanyň Cambridge uniwersitetiniň professory George Joffe Türk-Ysraýyl ýaranlygynyň bütinleý darganlygy entek belli däl diýýär: “Türk hökümetiniň Ysraýyl bilen ýakyn aragatnyşykdan saklanmagyna sebäp bolan zadyň Gaza wakalary bolmagy mümkin. Şeýle bolsa, ol assa-ýuwaşdan arany açjak bolýar. Bu indi gatnaşyklaryň kesilmegini aňladýarmy, ol belli däl. Belli zat Türkiýäniň öz içinde güýçli özgerişleriň barýandygy. Bu hem, meniň pikirimçe, hökümet bilen harbylar arasynda barýar”.
XS
SM
MD
LG