Sepleriň elýeterliligi

Kollektiwleýin Howpsuzlyk Guramasynyň türgenleşigi tamamlandy


Kollektiwleýin Howpsuzlyk şertnamasyna girýän ýurtlaryň ýakynda döredilen çalt hereket edýän güýçleriniň harby türgenleşigi şu gün tamamlandy.

Gazagystanyň günortasynda geçirilen bu harby türgenleşige Kollektiwleýin Howpsuzlyk Guramasyna agza ýurtlardan käbirleriniň, hususan-da, Orsýetiň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň we Ermenistanyň prezidentleri syň etdiler.

Bu gurama agza Belarusyň we Özbegistanyň prezidentleri bu çärä gatnaşmadylar
XS
SM
MD
LG