Sepleriň elýeterliligi

Dawutogly: “Türkiýäniň Ysraýyla garşy duşmançylyk meýli ýok”


Anna güni Türkiýäniň hökumeti Palestinanyň Gaza Sektorynda «gumanitar tragediýanyn» soňuna çykylan ýagdaýynda we Ýakyň Gündogarda parahatçylyk gepleşikleriniň ugrugan halatynda Türkiýäniň Ysraýyl bilen gatnaşyklarynyň kadalaşyp biljekdigini mälim etdi.

Bu barada çykyş eden Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Türkiýäniň hökümetiniň Ysraýyla garşy nähilidir bir duşmançylyk meýliniň ýokdugyny aýtdy.

Şu ýylyň başynda Ysraýylyň Gaza Sektorynda geçiren harby hüjümlerini Türkiýäniň hökümetiniň berk tankytlamagynyň yzy bilen Türkiýe bilen Ysraýylyň gatnaşyklarynda sowuklyk emele geldi.

XS
SM
MD
LG