Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gollandiýaly Giirt Wilders Londona bardy


Anna güni yslam dini bilen baglanyşykly tankydy çykyşlary üçin Britaniýa barmaklygy gadagan edilen Gollandiýanyň Parlament deputaty Giirt Wilders britan sudunyň bu gadagançylygy ýatyrmagynyň yzy bilen, Londona bardy.

Gollandiýanyň «Azatlyk» partiýasynyň lideri Giirt Wilders uly dawalara sebäp bolan «Fitna» atly dokumental filmiň awtory. Özüniň bu filminde ol yslam dinini gönüden-göni ekstremizm bilen baglanyşdyrýar. Giirt Wildersiň bu filmi halkara jemgyetçiliginde dürli hili gapma-garşylykly reaksiýalary döredipdi.

Londona baran Giirt Wilders Britaniýanyň Parlament deputatlary bilen duşuşygyndan soň, habarçylaryň öňünde-de çykyş etmekçidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG