Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl we Hamas topary boýunça rezolýusiýa kabul edildi


Anna güni BMG-niň Ynsan hukuklary baradaky Geňeşi şu ýylyň başynda Palestinanyň Gaza Sektorynda geçirilen harby operasiýalar wagtynda Ysraýylyň hem-de Hamas toparynyň uruş jenaýatçylygyny amala aşyrandyklary barada taýýarlanan hasabaty goldap, ýörite rezolýusiýa kabul etdi.

Bu barada geçirilen ýörite sessiýada BMG-niň Ynsan hukuklary baradaky Geňeşiniň häzirki 44 agzasyndan 25-si bu barada mesele barada rezolýusiýanyň kabul edilmegini goldap ses berdi.

Bu kabul edilen rezolýusiýada Ynsan hukuklary baradaky Geňeş BMG-niň hasabatçylary bilen hyzmatdaşlyk etmekden Ysraýylyň ýüz öwürmegini hem tankyt edýär.

Bu rezolýusiýanyň kabul edilmegine Geňeşiň alty sany agzasy, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem garşy çykdy.
XS
SM
MD
LG