Sepleriň elýeterliligi

Özbegistana ýarag embargosy ýatyrylsa...


Özbek esgerleri Andijanda ýol-transport barlaglaryny geçirýärler, 17-nji maý, 2009

Özbek esgerleri Andijanda ýol-transport barlaglaryny geçirýärler, 17-nji maý, 2009

2005-nji ýylda bolan Andijan gyrgynçylygy sebäpli Özbegistanyň garşysyna girizilen sanksiýalaryň häzir öz güýjünde galýany ýarag embargosy.

Bu embargo ýatyrylmalymy ýa uzaldylmaly? Bu Ýewropa Geňeşiniň 26-27-nji oktýabrda Brýusselde geçjek duşuşygynda belli bolar.

Özbek hökümeti 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda hökümete garşy protestlerde 187 adamyň ölendigini aýdýar. Adam hukuklary aktiwistleriniň çaklamagyna görä bolsa, ölen bigünä adamlaryň sany 1000 töweregi. Bularyň arasynda aýallar we çagalar-da bar.

Häzirki çekeleşiklerden habarly diplomatlaryň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan döwletleriň aglabasynyň bu ýurt bilen ýarag söwdasy ýok diýip, embargo ýatyrylmaly diýen pikir öňe sürülýär.

Adam hukuklaryny goraýanlar garşy

Ýöne Ýewropadaky we Özbegistandaky adam hukuklaryny goraýan toparlar muňa garşy. Olar özbek hökümeti muňa ýalňyş düşüner diýip, iňkis edýärler.

Umyda Nyýazowa adam hukuklary boýunça aktiwist hem-de garaşsyz žurnalist. Andijanda bolan gandöküşikden soň tussag edilen Nyýazowa häzir Berlinde ýaşaýar. Ol adam hukuklary baradaky özbek-german forumynyň başlygy.

Umyda Nyýazowa şeýle diýýär: “Özbek režiminiň garşysyna netijesiz hem bolsa, berk çäreler görülse, munuň özi Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky çekişmelere sebäp bolup, Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň duşuşygynda bu problema ünsi çeker. Embargonyň ýatyrylmagyna Özbek hökümeti ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagyny Ýewropa Bileleşiginiň indi kabul etmäge taýýardygynyň alamaty diýip düşüner”.

Ýewropa Geňeşiniň pikiri


Häzirki ýagdaýlara seredeniňde, Ýewropa Bileleşigine häzirki wagtda prezidentlik edýän Şwesiýanyň-da Bileleşigiň öňki berk tutumyndan yza çekilmegi mümkin. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy muny bilmek üçin ýaňy Şwesiýanyň Daşary işleri ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Orta Aziýa bölüminiň direktory Ýan Nybergiň pikirlerini sorady.

Nyberg şeýle diýdi: “Biz bu möhüm sorag barada Ýewropa Bileleşiginiň umumy tutumyny koordinirlemäge synanyşarys. Bu çekişmeler başlanmazdan öň hiç bir zat aýdyp biljek däl. Özbegistandaky ýagdaýa Daşkendäki ilçiler näme baha berýär, biz entek şoňa garaşýarys. Adam hukuklaryna geleniňde Özbegistanda ýagdaý elbetde gowy däl. Ýöne ol erbetmi, ýaramazmy ýa gowy, biz bir tutum tutmazdan öň Ýewropa Bileleşiginiň içinde özara pikir alşarys”.

Andijan gyrgynçylygynyň garaşsyz we halkara barlagçylary tarapyndan derňelmegine Özbegistan rugsat etmese-de, Ýewropa Bileleşiginiň iň güýçli sanksiýasy – özbek resmilerine wiza gadagançylygy 2007-nji ýylda wagtlaýyn togtadyldy. Ýöne soňra Özbegistan adam hukuklary barada ýylda birki gezek duşuşmak barada ylalaşanda, 2008-nji ýylyň oktýabrynda bu gadagançylyk tutuşlygyna ýatyryldy.

Gynanýanlar köp


Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalarynyň ýatyrylmagyna Özbegistanda gynanýanlar köp.

“Hökümet resmilerine wiza gadagançylygy ýatyrylanda, gaty gynandym. Sanksiýalar ýöne ýere girizilen zatlar däl. Olar Andijan wakalaryndan soň girizildi. Ýewropa Bileleşigi indi-de ýarag embargosyny ýatyrsa, onda bu onuň berk pozisiýasynyň ýokdugyny görkezip, Özbegistany demokratiýadan yza iter. Özbek hökümeti nädogry işleri etmegini dowam etdirer. Meniň aýtjak bolýanym şol” diýip, adynyň tutulmagyny islemeýän kaşgaderýaly bir ýaşuly aýdýar.
XS
SM
MD
LG