Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Redaktor mejlisde ýatyp galany üçin temmi aldy


«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory B.Kakageldiýew Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 14-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde uklap galany üçin berk käýinç aldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanan badyna wise-premýer M.Ýazmuhammedowanyň tabşyrmagy boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Gyzylgül Nurgeldiýewa öz garamagynda bolan ýurduň ähli gazet-žurnallarynyň baş redaktorlaryny ýanyna çagyryp ýygnak geçirdi.

Bu ýygnakda redaktorlar Türkmenistanyň Prezidentiniň geçiren mejlisinde irkileni üçin B.Kageldiýewi ýazgardylar. Şeýle ýokary derejede geçýän ýygnakda düzgün-tertibiň gaty berk berjaý edilmelidigini mälim etdiler.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy G.Nurgeldiýewa Ministrler Kabinetiniň mejlisinde düzgün-tertibi talaba laýyk berjaý etmändigi üçin wise-premer M.Ýazmuhammedowanyň B.Kakageldiýewe berk käýinç berýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG