Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň resmilerine hüjüm edildi


Düýn Eýranyň günortasynda ýurduň Rewolýusion Gwardiýasynyň resmilerini nyşana alyp, janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran bomba partlamasynda jemi 31 adam öldi.

Ölen adamlaryň arasynda Eýranyň Rewolýusion Gwardiýasynyň ýokary derejeli resmilerinden hem azyndan bäşisiniň bardygy barada maglumat alyndy. Eýranyň resmi habar çeşmeleri bu ölen resmilerden biriniň ýurduň Rewolýusion Gwardiýasynyň gury ýer güýçleriniň komanduýuşisiniň orunbasary general Nurali Şouştaridigini habar berdi.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini sünni mezhebine degişli «Jundallah» atly radikal topar öz üstüne alypdyr. «Jundallah» topary bu hüjümiň Pakistanyň Bulujystan prowinsiýasynda taýýarlanandygyny mälim edipdir. Şol beýanatyň yzy bilen düýn Eýranyň hökümeti Pakistanyň Eýrandaky ilçisini ýörite gurrundeşlige çagyrdy.

Düýn käbir gunbatar dowletleri, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlary hem bu hüjümi ýazgaryp çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG