Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bilen Orsýetiň resmileri ýadro boýunça duşuşarlar


Şu gün Ženewada Orsýet bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmileri ýadro ýaraglarynyň sanyny azaltmak barada täze baglaşylmagy göz öňünde tutulýan özara şertnama boýunça pikir alyşmak üçin duşuşarlar.

Täze baglaşyljak özara şertnama bu iki ýurduň arasynda 1991-nji ýylda baglaşylan Strategik Ýaraglary azaltmak baradaky ozalky şertnamanyň ýerini tutar. Ol gürrüňi edilýän ozalky şertnamanyň möhleti şu ýylyň dekabrynda tamamlanýar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýakynda, 13-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klintonyň Moskwa eden sapary wagtynda täze şertnamanyň proýekti boýunça düýpli öňegidişlikleriň bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG