Sepleriň elýeterliligi

Sudan boýunça Waşingtonyň syýasaty mälim ediler


Şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy Sudan bilen baglanyşykly Waşingtonyň syýasatynyň esasy ugurlaryny mälim eder.

Sudanyň Darfur welaýatynda güýç ulanma, zorluk aktlarynyň dowam edýändigi bilen baglanyşykly amerikan administrasiýasynda Hartuma garşy sanksiýalary aýyrmak planynyň ýokdugy habar berilýär.

Sudanyň prezidenti Omar al-Başire halkara sudy adamzada garşy jenaýatlarda günä bildiripdi. Darfurda bolýan aktlaryň we hüjümleriň arkasynda sudan prezidentiniň durandygy çak edilýär.
XS
SM
MD
LG