Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropaly mugallymlar Aşgabatda seminar geçirdi


Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda ýewropaly professorlar ýörite seminar geçirdiler diýen habar, 18-nji oktýabrda Türkmenistan.ru internet gazetinde çap edildi.

Bu halkara jenaýat kanunynyň esasy prinsiplerine bagyşlanan iki günlik seminara Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwesitetiniň mugallimlary hem studentleri gatnaşypdyr.

Bu seminary Londonyň Metropoliten Uniwersitetiniň professory Dauw Korf, Bremen Uniwersitetiniň professorlary Rolf Knipper hem Lado Çanturýa dagylar alyp barypdyr.

Myhmanlaryň “Halkara kanunyň ösdürilmeginiň esasy ugurlary” atly halkara konferensiýa gatnaşmak üçin Aşgabada gelendikleri maglumat berilýär.

Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen bu seminaryň jemleri jemlenip, bu ýokary okuw jaýy bilen Londonyň Metropoliten Uniwersitetiniň arasynda bolup biljek hyzmatdaşlyk meselesine hem garalandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG