Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Gazpromuň" başlygy Aşgabada bardy


Russia -- Gazprom CEO Aleksei Miller speaks to journalist in Gazprom press center in Moscow, 12Feb2008
Russia -- Gazprom CEO Aleksei Miller speaks to journalist in Gazprom press center in Moscow, 12Feb2008

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller gaz söwdasy boýunça gepleşikler geçirmek üçin Aşgabada bardy.

Orsýetiň gaz monopolisti we türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan ”Gazpromyň” ýolbaşçysynyň bu saparyna, bir tarapdan Aşgabat bilen Moskwanyň özara gaz söwdasyny dikeltmäge taýýardygynyň alamaty hökmünde garalýar, başga bir tarapdan bolsa, Aşgabat bilen Moskwanyň gaz gatnaşyklary üçin şertleriň üýtgänligi bellenilýär.

Orsýetiň ”Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Milleriň Aşgabada sapary “Roýters” agentliginiň maglumatynda türkmen gazynyň Orsýete akdyrylymagynyň öň ýanyndaky taýýarlyklar bilen baglanyşdyrylýar.

“Eurasianet.org” internet saýty ”Gazpromyň” başlygynyň Aşgabada saparynyň maksady Orsýetiň gowşap barýan pozisiýasyny berkitmekden ybarat diýip belleýär.

Orsýetli ekspertiň pikiri

“Gazpromyň” başlygynyň Türkmenistana sapary Orsýet bilen Türkmenistanyň özara gaz gepleşiklerinde öňe tarap gadam basýanlygyny aňladýar diýip, Moskwadaky syýasy informasiýa merkezinin müdiri Alekseý Muhin hasap edýär.

Muhiniň pikirine görä, birnäçe meseleler çözülmän galýar. “Orsýetiň “Gazpromy” häzir gapma-garşylykly ýagdaýda. Bir tarapdan, ol satyn alýan gazynyň mukdaryny azaltmaly, satyn alýan gazynyň bahasyny hem peseltmek isleýär. Başga bir tarapdan, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gepleşiklerde görkezýän uly aktiwligi onda eksport akymlarynyň ugurlaryny üýtgetmek mümkinçiliklerini artdyryp biljek teklipleriň edilýän bolmagyny çaklamaga esas döredýär. Şeýle ýagdaýda ”Gazprom” energiýa meselesinde öz ýitgilerini azaltmaga çalyşýar” diýip, A.Muhin aýtdy.

Türkmen tarapy taýýar

Ýakynda türkmen tarapy Türkmenistan bilen Orsýetiň özara gaz söwdasyny dikeltmäge taýýardygyny mälim edipdi. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Dmitriý Medwedewiň sentýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçiren duşuşygynda ylalaşandyklaryny Türkmenistanyň Orsýetdäki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Halnazar Agahanow “Nezawisimaýa gazeta” neşirine beren interwýusynda aýtdy.

Öz nobatynda Orsýetiň “Wedomosti” gazetiniň bellemegine görä, Türkmenistan Orsýetiň oktýabr aýynyň aýagyna çenli türkmen gazyny satyn alyp başlamagyna garaşýar. Maglumatda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygyna salgylanmak bilen aýdylyşyna görä, häzirlikçe Aşgabat bilen Moskwa arasynda söwda ediljek gazyň nyrhy we möçberi ylalaşylmandyr. “Türkmengaz” ”Gazpromyň” delegasiýasyna garaşýar.

Şu ýylyň aprel aýynda türkmen-ors gaz söwdasynyň kesilmegi netijesinde Türkmenistanyň her aýda 1 milliard dollar möçberde zyýan çekýänligini “Roýters” agentligi ýazdy.

Üçünji tarapa gaz ýok

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Orsýet bilen gepleşiklerde käbir artykmaçlyklarynyň bardygyny we Aşgabadyň şolardan peýdalanmaga taýýardygyny “Wedomosti” gazeti belledi, şeýle-de Moskwa bilen täze şertnamalarynda Aşgabadyň öz gazynyň üçünji bir tarapa alyp-satylmagyna gadagançylyk girizmekçidigini ýazdy.

Türkmenistanyň şeýle şertleri girizmekçidigini wise-premýer Baýrammyrat Hojamuhammedowa salgylanyp, “Associated Press” agentligi hem belledi. “Täze şertnamalarymyzda teklip ediljek şertlere görä, gaz müşderilerimiz ony alyp-satmaga hakly bolmaz. Bu bolsa, gazy satýan we satyn alýan ýurtlaryň göni gatnaşykda bolup, aradan dellallaryň aýrylmagyna mümkinçilik berer” diýip, Hojamuhammedow 16-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen halkara inwestision konferensiýasynda aýtdy.

Türkmen gazynyň üçünji bir ýurda satylmagyna gadagançylygyň türkmen-ors gaz söwdasynda täzelik bolsa-da, bu Orsýetiň gaz söwdasyny alyp barşyna uly bir täsir ýetirmez diýip, Alekseý Muhin hasap edýär. “Mälim bolşuna görä, türkmen gazyny Orsýet öz belli bir giňişliklerinde ulanýar, Günbatara bolsa, esasan özüniň has arzan gazyny akdyrýar”.

Ýangyjyň önümçiligi, eksporty we bahasy

Türkmenistan özüniň ýangyç-energiýa kompleksini ösdürmekçidigini ýakynda ýene mälim etdi. Pudagy maddy-tehniki taýdan berkitmek maksatlaryna geçen ýylda umuman milli ykdysadyýete ýatyrylan maýa goýumlarynyň ýarysyna barabar puluň sarp edilenligini G.Berdimuhamedow ýangyç-energýa pudagyndaky ýagdaýlara bagyşlanyp, 12-nji oktýabrda geçirilen maslahatda aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň sözlerine görä, ýurduň gaz önümçiligini ýylda 250 milliard kubometre ýetirmek planlaşdyrylýar.

Öz nobatynda Günbatar döwletleri Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ösüşine we köpugurly energiýa syýasatyna goldaw bildirýärler. Şu ýylyň aýagyna çenli Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi we Eýrana tarap gurulýan täze turba işläp başlar.

Şol bir wagtda-da Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleri giňelýän hem bolsa, ýurduň saýlap aljak ugry gazyň nyrhyna bagly bolar diýip, energiýa meseleleri boýunça analitik Aždar Gurdow hasap edýär: “Soňky ýyllaryň dowamynda, mälim bolşuna görä, ne Hytaý, ne-de Eýran türkmen gazy üçin Orsýetiňkä barabar baha tölemäge razy boldy. Bu bolsa Orsýete nyrh meselesini öz peýdasyna ulanmaga mümkinçilik berýär”.

Orsýetiň IIM-niň ýolbaşçysy hem bardy

Aşgabada Orsýetiň içeri işler ministriniň baranlygy hem resmi taýdan habar berildi.

Orsýetli analitik A.Muhiniň pikirine görä, jenap Nurgaliýewiň Aşgabada sapary häzirki wagtda Türkmenistanyň Orsýet üçin möhüm ugur bolup durýanlygyny tassyklaýar.

Reşit Nurgaliýew 19-njy oktýabrda Türkmenistana saparynyň dowamynda türkmen tarapy bilen pudagara gatnaşyklary, şeýle-de bilelikdäki geljekki işleri maslahatlaşmakçy.
XS
SM
MD
LG