Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlaryň ikinji tapgyry bolarmy?


Saýlawlaryň geçirilşini derňän komissiýa Karzaýyň gazanan sesleriniň 50%-den pesdigini yglan etse, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirler.
Saýlawlaryň geçirilşini derňän komissiýa Karzaýyň gazanan sesleriniň 50%-den pesdigini yglan etse, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirler.

Owganystanda 20-nji awgustda prezidentlige geçirlen saýlawlarda galplygyň bolandygyny aýdýan Hamid Karzaýyň bäsdeşleri saýlawlaryň gaýtadan geçirilmegini talap edip gelýärler.

BMG-niň goldaw berýän maslahatynda bolsa galplyklaryň derňewiniň raportynyň netijesiniň yglan edilerine garaşylýar.

Galplygy derňän topar Karzaýa berlen sesleriň 50%-den pesde bolandygyny yglan eder diýlip garaşylýar. Şeýle bolan ýagdaýynda saýlawlar gaýtadan geçiriler.

Saýlawlaryň geçirilşini derňän komissiýa Karzaýyň gazanan sesleriniň 50%-den pesdigini yglan etse, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirler.

Günbatar gyssagly çözgüde garaşýar

Geçen hepdäniň ahyrynda birnäçe daşary ýurtly resmi şol sanda Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuçner we ABŞ-ly senator Jon Kerry Kabula baryp, saýlawlardan soňra dörän krizisi çözmäge bäsdeşleri gyssagly çagyrdylar. Krizis uzaga çekse, ýurtda durnuklylygy goramak üçin halkara dererjesinde alnyp barylýan tagallalara howp abanyp biler diýip, olar bäsdeş taraplara mälim etdiler.

Karzaý we Abdylla bilen aýry-aýrylykda duşuşan Kuçner dörän jedeli bu iki bäsdeşiň bilelikde işläp çözmelidigini habarçylara aýdypdyr. «Olaryň ikisi-de bilelikde işlemegiň zerurdygyny aýtdylar, men bu tagallanyň hökümet arkaly ýa-da iş topary görnüşinde alnyp baryljagyny bilemok, ýöne ýurduň ösüşiniň bähbidine olaryň bile işleşmegi diýseň zerur» diýip, Kuçner mälim etdi.

Soňky günlerde BMG-niň baş sekretary Banki Moon, Britaniýanyň primýer-ministri Gordon Brown we ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton telefon arkaly bu iki esasy bäsdeş bilen gepleşip, saýlawlardan soňra dörän ýagdaý dogrusyndaky aladalaryny beýan etdiler.

Deslapky netijeler

Owganystanyň kanuny boýunça saýlawlaryň nähili geçirlendigini derňeýän komissiýa öz işiniň netijesini merkezi saýlaw komissiýa hödürleýär we şol esasda saýlawyň doly netijesi yglan edilýär. Deslapky jedelli netijelere görä, H.Karzaýyň 54% we onuň ýakyn bäsdeşi Abdyllanyň 28% ses alandygy yglan edildi.

Eger-de şikaýaty derňeýän komissiýa Karzaýa berlen sesleriň sanynyň 50%-den pes bolandygyny yglan etse, onda Abdylla bilen Karzaý ýene bir gezek bäsleşmeli boljak. Ýöne Karzaý saýlawlaryň ikinji tapgyra geçmegine garşy bolup gelýär.

Diplomatlar we resmiler bäsdeşleriň arasynda häkimiýeti paýlaşmak mümkinçiligine-de üns berýärler. Abdylla bu meselede gytaklaýyn häsiýetde özüniň gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG