Sepleriň elýeterliligi

"Gazpromuň" başlygy Aşgabada bardy


“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gaz pudagynda uzak wagtlyk hyzmatdaşlygyň meselelelerini maslahatlaşdy - diýip, “Gazpromyň” informasiýa edarasynda ITAR-TASS agentligine aýdypdyrlar.

Duşuşyk “Gazpromyň” delegasiýasynyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde bolupdyr.

2003-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Orsyetiň arasynda 25 ýyllyk gaz ylalaşygy hereket edýär.

Geçen ýyl “Gazprom” Türkmenistandan 42 milliard kubometr gaz aldy. Şu ýylyň baharynda “Merkezi Aziýa –Sentr” turbasynyň Türkmenistan böleginde bolan partlama sebäpli tebigy gazyň Orsyete akymy kesildi.

Häzirki wagt “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom” bilen gazy akdyryp başlamak barasynda gepleşikler geçirýär.

“Türkmengaz” bilen Gazpromyň” gepleşikleri tamamlanandan soň, täzeden akdyrylyp başlanjak türkmen gazynyň bahasynyň we möçberiniň kesgitlenmegine garaşylýar - diýlip, ITAR-TASS-yň maglumatynda bellenipdir.
XS
SM
MD
LG