Sepleriň elýeterliligi

Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan beg


Şu günler 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň gonamçylygynyň daşyna haýat galdyrmak işleri alnyp barylýar.

Aşgabat şäher häkimliginiň tagallalary bilen paýtagtyň çäginde ýerleşýän şeýle gonamçylaklaryň ählisiniň daşyna haýat galdyrmak göz öňünde tutulýar. Gonamçylyklara diňe bir haýat galdyrylman, eýsem olaryň daş-töwereginde abadanlaşdyryş işleri hem geçirilýär.

Ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazow 2002-nji ýyldan soň her bir kişä özüne howp salyp biljek adam hökmünde garap başlady. Hatda haýatyň aňyrsynda-da özüne tüpeň çenäp duran kişini göz öňüne getirip başlady.

S.Nyýazow howly jaýlarynyň ählisiniň haýatlaryny ýykmagy buýurdy. Netijede şäherdäki hem-de şähere golaý bolan Ruhabat, Änew, Abadan şäherlerindäki howly jaýlarynyň ählisiniň haýatlary ýykyldy.

Bu meselede paýtagtyň çäginde ýerleşýän 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň gonamçylyklaryna hem ýürek awama bolmady. S.Nyýazowyň görkezmesi bilen ähli gonamçylyklaryň haýatlary ýykyldy.

Häzir şol gonamçylyklaryň daşyna täzeden haýat aýlamak işleri alnyp barylýar. Elbetde, işleriň gidişi gaty haýal. Ýöne gurmak ýykmakdan mydama-da kyn.
XS
SM
MD
LG