Sepleriň elýeterliligi

Halkara Gyzyl Haç guramasy ÝB-de barlag geçirdi


Halkara Gyzyl Haç guramasy özüniň düýnki ýaýradan beýanatynda global ykdysady krizis sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde açlyk problemasy ýaly problemalaryň hem ýüze çykandygyny belleýär.

Halkara Gyzyl Haç guramasy öz geçiren barlaglarynyň esasynda taýýarlan 20 sahypalyk dokumentinde Ispaniýa we Italiýa ýaly käbir Ýewropa ýurtlarynda adaty raýatlaryň azyk satyn almak mümkinçilikleriniň hem çynlakaý problema öwrülendigini aýdýar.

Häzirki emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, Gyzyl Haç guramasy soňky wagtlar Ispaniýada ilata azyk önümlerini paýlamak boýunça iş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG