Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň prezidenti resmi sapar bilen Serbiýa barýar


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew resmi sapar bilen Serbiýa barýar. Bu saparyň öňýany düýn Serbiýanyň premýer-ministri Mirko Swetkowiç öz eden çykyşynda Serbiýanyň öz stratetik partnery bolan Orsýet bilen hyzmatdaşlyklaryny ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Prezident Medwedewiň saparynyň dowamynda geçiriljek gepleşiklerde esasan Orsýetiň Serbiýa bir milliard dollar karz pul bermek planlary bilen baglanyşykly gürrüň ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG