Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky saýlawlar boýunça hasabat ýaýradyldy


Owganystandaky prezidentlik saýlawlary boýunça derňew geçiren Komissiýa düýn ýurduň 210 sany saýlaw uçastogynda berlen sesleriň netijesini bikanun diýip yglan etdi.

Saýlawlar baradaky şikaýatlara garaýan bu Komissiýa öz geçiren derňewleriniň netiejesine salgylanmak bilen, prezidentlik saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegine hem zerurlygyň bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Şikaýatlara garaýan Komissiýanyň düýnki raporty bilen baglanyşykly şu gün prezident Hamyt Kerzeýiň ýörite beýanat bilen çykyş etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG