Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Orsýetiň içeri işler ministrini kabul etdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkmenistana baran Orsýetiň içeri işler ministri Raşid Nurgaliýewi kabul etdi.

Bu duşuşygyň yzy bilen Orsýetiň «Itar-Tass» habar agentligine beren interwýusynda Raşid Nurgaliýew gepleşikleriň konstruktiw ýagdaýda geçendigini we onda guramaçylykly jenaýatçylyklara, bikanun neşe söwdasyna we bikanun migrasiýa ýaly problemalara garşy göreşde ikitaraplaýyň hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada pikir alşylandygyny aýtdy.

Şol gün hem Türkmenistanyň içeri işler ministri bilen Orsýetiň içeri işler ministri iki ýurduň içeri işler ministrlikleriniň 2010-2011-nji ýyllar boýunça özara hyzmatdaşlyklary barada ýörite Protokola gol çekdiler.
XS
SM
MD
LG