Sepleriň elýeterliligi

Şir ogly Arslansyň -- gowakda ýatma!













(Oglum Arslana)

Soňky gezek seni basyp bagryma,
Dört ýaşyňy dolan günüň hoşlaşdym.
Çärýek asyr mundan ozal bialaç,
Ýüzügara töhmet üzre daşlaşdym.

Seni göge oklap gapan ellermi
«Bezediler» demir bilezik bilen.
Seň habaryn ýokdur, bilýändir eneň –
Ol gün aglan köpmi ýa känmi gülen.

Nally ädik bilen kakaňy depen
Watany gorapsyň, gelipsiň aman.
Häzir sen nirede, ykbalyň neneň,
Ne külpet başyňda – bihabar, arman.

Diňle, köşek -- öwüt, sargyt, maslahat:
Ulyň inisi bol, kiçiň agasy.
Söýgüden ýigrenje bir ädim bolsa,
Müň ädimdir ýigrenç söýgi arasy.

Ýigrimi bäş ýaşy atsaňam arka,
Meniň üçin şol dört ýaşly oglansyň.
Hiç haçan özüňe kesmegin baha,
Budur bahaň – erkek bolup doglansyň!

Minnetli çöp çeýnemersiň, bilýän-ä,
Töri bezäp oturansyň öýüňde.
Goltugyňa garpyz gysdyrtmajak bol,
Başyňy eg diňe eneň öňünde.

Ilde mert ýigitler köpdür-ä häli,
Sen şolardan sowlup, gyra çekilme.
Gaý-tupany ýeterlikdir durmuşyň,
Arkan gaýşsaň gaýş, ýöne bükülme.

Syýahat et, syýasatdan gaça dur,
Arkaňdan itdirme, läbige batma.
Diliň uzyn, sözüň gysgasy ýagşy:
Şir ogly Arslansyň -- gowakda ýatma!

07.10.09
XS
SM
MD
LG